Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda birnäçe döwletli işler durmuşa geçirilýar. Muňa saglyk, medeniýet, bilim, ykdysadyýet gurluşyk babatyndaky öňegidişlikler we ýetilen sepgitler güwä geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren Bagtyýarlyk zamanasynda, ähli mümkinçiliklere giň ýol açylýan döwürde neneň joşmajak, neneň gurmajak, neneň döretmejek. Öz mähriban Prezidentiniň daşyna berk jebisleşen türkmen halky “Öňe, diňe öňe”! diýen şygary baýdak edinip, batly gadamlar bilen öňe barýar. Barha dabaralanýan türkmen demokratiýasy hem türkmeni dünýä jar etdi. Bü gün türkmen ülkesi dürli formularyň, parahatçylyk söýüji halklaryň işleň duşuşyklarynyň merkezine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde hem birnäçe binalar, desgalar gurlup, halkymyza ulanylmaga berildi. Olardan ulanylmaga berlen: Magdanly şäheriniň Nowruz ýaşaýyş-jaý massiwinde 2013-nji ýylyň awgust aýynda 110 orunlyk 11-nji çagalar bagyny, 2014-nji ýylyň mart aýynda Gurşum-magdan şäherçesinde 70 orunlyk 12-nji çagalar bagyny, 2014-nji ýylyň iýun aýynda Magdanly şäheriniň Çärjew geňeşliginde 70 orunlyk 13-nji çagalar bagyny görkezmek bolar. Şeýle-de, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ak mekdepler guruldy. Mekdeplerde çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilen, okuw otaglary häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan. Has takygy Magdanly şäheriniň Ýürekdepe geňeşliginde 200 orunlyk 10-njy orta mekdebiň hem-de şäheriň Nowruz etrapçasyndaky 700 orunlyk 11-nji orta mekdebiň gurluşyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda mekdepleri işe girizmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamanyň çäginde beýleki binalar bilen birlikde ulanylmaga berilen 365 orunlyk 1-nji sport mekdebini, 1500 orunlyk sport toplumyny görkezmek bolar. Magdanly şäherinde sport ulgamynda hem welaýat, Döwlet, Halkara derejelerinde uly üstünlikler gazanyldy. Оňa mysal edip 2015-nji ýylyň 19-22-nji fewralynda Mary şäherinde Dzýu-do goreşi boýunça Türkmenistan birinjiliginde şäherimiziň türgenleri I III ýerleri eýelediler. 2015-nji ýylyň 3-nji martynda Aşgabat şäherinde “Sambo” göreşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda 3 sany türgen III ýeri eýelediler. 2015-nji ýylyň 26-28-nji martynda Türkmenabat şäherinde Dzýu-do boýunça geçirilen welaýat ýaryşynda 4 sany türgen II ýeri, 4 sany türgen III ýeri eýelediler. 2015-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenabat şäherinde El pökgüsi boýunça gyzlaryň arasynda geçirilen welaýat ýaryşynda gyzlar topary II orny eýelediler. Şeýle-de, şäheriň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen şäheriň çäginde birnaçe gurluşygy alnyp barylýan desgalar bar. Olardan şäheriň ilatyny arassa agyz bilen üpjün etmeklik üçin suw arassalaýjy desga, şäheriň lagym ulgamyndan akdyrylýan hapa suwlary arassalaýjy desgasyny tiz wagtda ulanmaga bermeklik göz öňünde tutulýar.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir