Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň gyradeň ösdürilmegi, önümçilige täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy özüniň oňyn netijelerini berýär.”Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli Maksatnamasy” bolsa ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmaklyga gönükdirilendir. Şu Milli Maksatnama kabul edilen gününden şu döwre çenli ýurdumyzda orta mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport mekdepleriniň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, medeniýet öýleriniň, kitaphanalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Depesine seredeniňde telpegiň ýere gaçjak bolýan beýik, kaşaň ymaratlar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üzül-kesil ýokarlanandygyny biygtyýar ýatladýar. Men şu makalamda Milli Maksatnamanyň çäklerinde Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda ýerine ýetirilen işler barada durup geçmegi müwessa bildim. Ýaşlar biziň geljegimizdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesli ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly edip terbiýelemek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr. Bu mukaddes borjy ödemek üçin bilim işgärlerine ähli amatlyklary bolan, häzirkizaman bilim ojaklarynyň bolmagy esasy şertleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde 2011-nji ýylda etrabymyzyň Sakar şäherçesinde 160 orunlyk çagalar bagy, 2014-nji ýylda Sakar etrabynyň Hojainebeg geňeşliginiň Alpan obasynda 160 orunlyk çagalar bagy, Sakar etrabynyň Çaltut geňeşliginiň Çaltut obasynda 640 orunlyk orta mekdep gurulyp ulanylmaga berildi. Olarda körpejelere we okuwçylara ösen ýokary tehnologiýalardan peýdalanyp, dürli usullarda döwrebap bilimdir terbiýe berilýär. Ýurdumyzyň bedew bady bilen okgunly öňe barýan döwründe ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy ugrundaky aladalar hem birjik-de ünsden düşenok. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde dünýä ülňilerine laýyk gelýän sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ösüşler Milli Liderimiziň ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhybelentligiň ýurduna öwürmek, sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini giňden durmuşa ornaşdyrmak ugrunda alyp barýan asylly işleri netijesinde gazanylýar. Watanymyzyň bedenterbiýe we sport ulgamynda ýeten belent sepgitlerine biziň etrabymyzyň türgenleriniň hem mynasyp paýynyň bardygyny belläp geçesim gelýär. Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin etrabyň Sakar şäherçesinde 2012-nji ýylda 1500 orunlyk sport desgasy, 2013-nji ýylda Sakar etrabynyň Syýadagsakar geňeşliginiň Hasylçy obasynda 365 orunlyk sport mekdebi ulanylmaga berildi. Bilim edaralarynda terbiýedir bilim alýan, sport desgalarynda türgenleşýän ýaşlaryň didelerine üns bilen seretseň, olarda şatlyk, buýsanç alamatlary uçganaklaýar. Ýurdumyzda halkymyzyň medeniýetli dynç almagy hem gözden salnanok. Hut şonuň üçin medeniýet işgärleriniň öňünde hem uly wezipeler dur. Milli Maksatnamanyň çäklerinde Sakar şäherçesinde 200 orunlyk medenýet öýüniň gurluşygy tamamlanyp, ulanylmaga berilmeginiň öň ýanynda dur. Bu medeniýet öýünde medeniýet işgärleri etrabymyzyň ilatyna ruhy lezzet paýlarlar, medeni- köpçülikleýin, baýramçylyk çärelerini geçirerler. Hawa, gadamlar üstünliklere sary. Diýmek, Milli Maksatnamanyň çäklerinde ýene-de belent-belent, kaşaň binalar gurlar. Sakar etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy Narsoltan Aýdogdyýewa.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir