Lebap welaýatynda ýurdumyzyň ilatynyň 20,5%-i ýaşaýar. Bütin ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatyň ilaty tebigy köpelişiň hasabyna artýar. Soňky 20 ýylyň içinde ilatyň sany 25% artdy. Ähli ilatyň 40% töweregi şäherlerde we şäherçelerde ýaşaýar. Welaýatyň şäher ilaty 5 şäherde we 27 şäherçede jemleneнdir. Oba ilaty 119 geňeşligiň düzümine girýän 485 sany obada ýaşaýar. Birata etraby welaýatyň çet demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Etrabyň çäginiň esasy bölegini Garagum çöli tutýar. Ekerançylyk meýdanlary Amyderýanyň çep tarapynda, jülge bölegindedir. Etrabyň hojalygynyň esasy ýöriteleşdirilen ugurlary tebigy gazy çykarmak, dowardarçylyk, pagtaçylyk we däneçilik. Etrapda döwletimize belli Gazojak, Naýyp, Balguýy, Kerpiçli, Kükürtli gaz känleri bar. Etrap merkezi Birata şäherçesidir. Şäherçäniň 4 km golaýyndan Türkmenabat-Daşoguz demir ýoly geçýär. Bu ýerde pagta taýýarlaýyş meýdançasy, gurluşyk, azyk, durmuş hyzmatlary kärhanasy, durmuş-medeni edaralary bar. Joşgunly Jeýhun derýasynyň çep kenarynyň ýaýlymlary bilen sepleşýän giň sähranyň eteginde keşde kimin gözel şäherçe peýda bolýar. Oklaw dek göni köçeler, durmuş we ýaşaýyş maksatly owadan ymaratlar göreniň gözüni dokundyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ,,Döwlet adam üçindir’’ diýen baş ýörelgesine esaslanyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady reformanyň baş maksady ähli ugurly ösüşleri durnukly depginde dowam etdirip, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan we ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şu jähetden ,,Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda’’ bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň çygrynda Lebap welaýatynda-da welaýatyň durmuş-ykdysady derejesini gowulandyrmaga gönükdirilen gurluşyklaryň uly toplumy badalga aldy. Birata etrabynyň çäginde умумы мейданы 340 га болан täze gurulян şäherçеде ägirt uly işler alnyp barylýar. Häzirki zaman tehnologiýalary, inжenerçilik çözgütleri we binagärlik sungatynyň gazananlaryny özünde jemleýän täze, mermer şuglaly, ajaýyp şäherçe bina edilýär. Onuň düzüminde ähli amatlyklary bolan 2013 саны хојалыгыń яшамагына нийетленен 543 саны ýaşaýyş jaýlary, multimediýa, interaktiw enjamlary bilen üpjün edilen mekdep, saglyк we medeniýet öýleri, söwda merkezi, dolandyryş, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalar bar. Şäherçäniň öz-özüni dolandyryş edarasynyň–Geňeşiň edarasy ýerli häkimýetiň öz işlerini has netijeli alyp barmagyna ýardam edýän döwrebap tehnikalar bilen enjamladyrylýan bolsa, мedeniýet öýüniň ajaýyp binasy halkyň wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirmekleri üçin ähli häzirki zaman şertleri özünde jemleýär. Bu ýerde maslahatlaryň, konsertleriň, dabaraly çäreleriň geçirilmegi üçin ajaýyp zallar, otaglar bar. Kitaphana, sergileri geçirmek üçin, saz, tans we sungatyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak, dürli hili çärelere taýýarlyk görmek üçin otaglar ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär. Döwrebap okuw tehnikalary, multimediýa enjamlary, interaktiw tagtalar, täze kompýuterler, barlaghana enjamlary bilen üpjün edilen, ussahanaly, ajaýyp sport zally mekdep, dürli önümleri öndürýän kärhanalar gurlar. Bu şäherçe etrabyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir