Çagyryş boýunça gulluk döwrümde, meýilnama esasynda geçilýän beden taýýarlygy sapaklary we irki maşklarda edýän hereketlerimiz ösýän, sagdyn ýaş beden üçin kemterlik edýärdi. Şeýle bolansoň, gullukdaşlarymyň käbiri boş wagtlary agyr agramlyklar göterse, käbiri gazet-žurnallardan her hili maşklaryň ýerine ýetirilişiniň suratlaryny gyrkyp alyp, synalarynyň görmegeýligini artdyrýardylar (kulturizm bilen meşgullanýarlar). Men belli bir ugra ýykgyn etmesemem, woleýbol oýnuna höwesek bolanym üçin, ýeterlik derejede ştanga götererdim, orta we uzak aralyklara ylgardym. Ynha, bu günem gullukdan boşlawrak wagtym nobatçydan rugsat aldym-da gaýra ýüzümizdäki baýyrlyga tarap ugradym. Pasyl tomsuň günem bolsa, egnimde pagtaly güpbi, kellämde-de gulakjyn bardy. 10-12 kilometr ýol geçenimden son, «azowlak demimi dürsäýin» diýip, kiçiräk çeşmäniň ýanynda dynç almaga oturdym. Gaýra ýüzümdäki dagyň burnunyň öwrüminden gaýdýan ýoda bilen eşege ýüklenen odunyň üstünde oturan 7-8 ýaşly oglanjyk, yz ýanyndanam 10-12 ädim aralykda 35-40 ýaşlaryndaky oba adamsy göründi. Serhetýaka obalarynyň erkek adamlary bilen hüşgärlik, serhedi goramagyň düzgünleri, del adam görseler serhet galasyna habar bermek we şuňa meňzeşler barada sapaklar geçilýärdi. Käwagtlar dagyň içinde türgenleşik sapagy üçin «serhet bozujyny» goýbererdiler. Şeýle synaglaryň köpüsinde ýerli adamlardan düzülen toparlar ýeňiji bolýardylar. Sebäbi olar daglaryň ýol-ýodalaryna, her bir künjegine beletdiler. Soňra ýeňijilere dabaraly ýagdaýda baýraklar, serhetçileriň aýratyn nyşanlary gowşurylardy. Menem: «Şu gelýän pyýadanyň hüşgärligini barlaýynla» - diýip, egin-eşigimi geýip ugradym. Tomus güni geýen lybasymy geň gören borly, ol adam 7-8 ädim ýanyragyma geldi-de, resminamamy görkezmegimi sorady. Menem bolşuna görä çalgyrt gürläp, serhet galasynyň haýsy tarapdadygyny soradym. Güpbimi goltugyma aldym-da ýokarlygyna tarap ýöräp ugradym. Soragyny üç gezek gaýtalasa-da, jogap bolmansoň, ol çalt-çalt ýöräp, aşaklygyna tarap gitdi. 01 gözden ýitensoň ýene-de çeşmäniň başyna geldim. 15-20 minut töweregi geçendir. Birden hüşgärligini barlan adamymyň indiki etjek hereketleri göz öňüme geldi. Indi ýol-ýoda gözlemän, baýyrdan-baýra, belentden-pese, pesden-belende çykyp, ylgap yzyma gaýtmalydym. Ýaňky pyýadanyň yzyndan ýetmelidim, sebäbi onuň serhet gala¬syna baryp, galadakylary aýaga galdyrjakdygy ikuçsuzdy. Şol günki özüme agram salyp ylgaýşym ýaly ylganym ýadyma düşenok. Bolsa-da azabym ýerine gowuşdy. Serhet galasynyň girelgesini saklaýan esgere bir zatlar düşündirjek bolup, elini gaýralygyna uzadan-da, 40-45 ädim ýakynlyga golaýlaşan maňa gözi düşdi. «Ynha, şu, şu» - diýip, eli bilen meni görkezdi. Ýanlaryna bardym. «Gardaş, men seniň hüşgärligiňi barlajak boldum welin, sen meniň düz ýerde uzak aralyga ylgap bilşimi barlaýdyň öýdýän» diýdim. Hüşgärligine hoşallygymy aýtdym. Ol meniňarassa türkmen dilinde gürleýşime geň galyp, gözlerini tegeledi. «Sen türkmenmiň?» diýdi. «Hawa» diýdim. «Aý, gardaş, indi menem seniň ylgaýşyň ýaly ylgap, oguljygymy alyp giden eşegimiň yzyndan ýeteýin» - di¬ýip, dar ýerde-de degşip, obanyň gündogardaky bölegine tarap uly-uly ädimläp ugrady. Bu günki ikitaraplaýyn synag serhetýaka obalarynyň adamlaryň hüşgärlik derejesiniň belentdiginiň görkezijisidi. Bu şeýle-de bolmaly.

Köneler, Mirab tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir