Türkmeniň gadymdan gelýän baý medeniýeti, ruhy hazynasy bar. Müňýyllyklaryň dowamynda ösdürilip kemala gelen medeni-ruhy gymmatlyklaryny halk örän aýawly saklaýar. Häzirki döwürde halk bu hazynasynyň hakyky eýesi boldy. Welaýatlaryň hersinde gurlan döwrebap muzeýler bu hazynalaryň nesillerden nesillere geçmegine goşandyny goşýar. Ýurt geçmişe hormat döredýän taryhy ýadygärliklere-de baýdyr. Köýtendagyň täsinlikleri, daglardaky dinozawrlaryň aýak yzlary bütin dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Bu daglarda heniz öwrenilmäge degişli täsin gowaklaryň onlarçasy bar. Häzirki wagtda Köýtendaga halkara ylmy ekspedisiýa hem guraldy. Lebapda başga-da ýadygärlikleriň ençemesi bar. Astanababa mazwoleýi, Daýahatyn ýadygärligi, Hojambaz, Garabekewül, Atamyrat, Farap etraplarynda we başga-da ilatly ýerleriň köpüsinde geçmişiň syrlaryny özünde jemläp oturan galalardyr köne binlar köpçüligiň iň bir gelim-gidimli ýerleridir. Olaryň üsti bilen halk öz geçmişini öwrenýär. Geçmişe goýulýan sarpa bolsa geljege-de ýagty ýol açýar.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir