2014-nji ýylyň dowamynda Galkynyş etrabynyň çäginde 400 orunlyk iki sany orta mekdebiň we medeniýet öýüniň ak mermere beslenip çar ýana nur saçyp duran binalary, dabaraly ýagdaýda ýerli ýaşaýjylara ulanmaga berildi. Ähli amatlylyklary bilen mekdep okuwçylaryna bilim ojagy bolup hyzmat etjek orta mekdepleriň ikisinde hem dünýä ülňelerine gabat gelýän enjamlar ornaşdyrylyp, olarda çagalaryň ýokary derjede bilim almaklary üçin häzirki zaman şertleriň döredilendigi bu mekdeplerde okaýan okuwçylaryň başlaryny göge ýetirýär. Ýurdumyzda alnyp barylaýan Milli maksatnamanyň çäklerinde gurulyp 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berlen 400 orunlyk orta mekdep etrabyň Zergömen obasynyň çäginde ýerleşip, bu orta mekdep iki gatdan ybarat bolup durýar, mekdepde çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin lingafon otaglary, zähmet we kompiýuter sapaklaryny geçmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan synp otaglary, bedenterbiýe sapaklaryny geçmekde gyşky hem-de tomusky sport meýdançalary ornaşdyrylypdyr. Ýeri gelende bellesek Galkynyş etrabynyň ähli ýaşaýjylarynyň buýsanjyna buýsanç goşan orta mekdepleriň ikisi hem etrap merkezinde däl-de, obalarda gurulmagy Prezidentimiz tarapyndan ähli obalaryň hem üns merkezinde saklanýandygynyň anyk subutnamasy bolup durýar. Munuň şeýledigine etrabyň Menjere obasynyň çäginde gurlup, geçen ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga berlen 400 orunlyk orta mekdebiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Gürrüňi edilýän orta mekdep özüniň ýagty synp otaglary, häzirki zaman sport meýdançalary we ajaýyp binasy bilen bu mekdepde okaýan okuwçylaryň ylym bilime bolan höweslerini barha artdyrýar. Şeýle-de etrabyň Galkynyş şäherçesiniň merkezinde şäherçäniň görkine ajaýyp görk goşýan, medeniýet öýüniň binasynyň ulanmaga berilmegi medeniýet işgärleri bilen bir hatarda etrabyň ýaşaýjylarynyň durmuşynda buýsançly ýatlamalary galdyrdy. Galkynyş şäherçesiniň merkezinde gurlan bu medeniýet öýünde jemi 35 sany raýat zähmet çekip, medeniýet öýünde Berkararlyk otagy, ähli amatlyklary bolan okalga zaly, muzeý, girimýor, tans zaly ornaşdyrylypdyr. Häzirki wagtda kaşaň binasy bilen raýatlary özüne çekýän medeniýet öýi adamlaryň medeniýetli dynç alýan ýerine öwrüldi. Galkynyş etrabynyň medeniýet işgärleri tarapyndan taýýarlanýan aýdym-sazly çykyşlara medeniýet öýüniň täze binasynyň ajaýyp sahnasynda tomaşa edip lezzetli dynç alýaрлар. Buýsanç bilen belläp geçmeli zatlary biri hem häzirki wagtda gurluşygy tamamlanyp barýan Galkynyş etrabynyň Zergömen obasynda kuwwatlylygy bir gije-gündüziň dowamynda 20 müň m³ suw arassalamaklyga ukuby bolan agyz suw arassalaýjy desgasyny we etrabyň Bahar şäherçesinde 160 orunlyk çagalar bagynyň binasyny hem-de etrabyň Bilal obasynda 320 orunlyk orta mekdebiň binalaryny 2015-nji ýylda ulanmaga bermeklik göz öňünde tutulýar. Bir söz bilen aýdylanda etrabymyzda täze ulanmaga berilen mekdeplerde bilim alýan kalplary şatlykdan püre-pür mekdep okuwçylaryny göreniňde we medeniýet öýüne dynç almaga gelen ýürekleri buýsançdan doly adamlary synlanyňda halkymyzyň geljeginiň mundan beýläk hasam nurana boljakdygyna tüýs ýürekden buýsanýarsyň.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir