Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulgamy hem uly ösüşlere eýe boldy. Türkmenistаnyñ Prezidenti Gurbаnguly Berdimuhаmmedоwyñ bаşlаngyjy bilen üstünlikli amala aşyrylýan “Demirgazyk-Günorta” transmilli halkara demir ýolunyň gurluşygy hem ýurdumyzyň demir ýol pudagynyň okgunly ösdürilýändiginiň aýdyň kepilidir. “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň Gazagystanyň çägindäki üstaşyr geçelgeleriň biri bolan “Bolaşak” demir ýol menzilinde 2013-nji yylyň maý aýynda başlanan dabaralar güneşli türkmen topragynda giňden ýaýbaňlanan şowhunly çäreler bilen utgaşdy. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” çäklerinde kabul edilen “Türkmenistanyň demir ýol ulgamlary pudagyny 2012-2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnamasyna” laýyklykda durmuşa geçirilen we geçirilýän işler halkymyzy buýsandyrýar. Çünki täze polat ýollary gurmakda ýeterlik tejribe toplan türkmen demirýolçylary bu gün ýene-de bir demir ýol şahasynyň Gazagystan-Türkmenistan-Eýran halkara ulag geçelgesiniň Bereket-Gyzylgaýa-Serhetýaka böleginiň gurluşygyny üstünlikli tamamladylar. “Türkmenistan-Gazagystan-Eýran” demir ýoly, onuň Serhetýakadan Berekede çenli salnan bölegi bu gün biziň milli buýsanjymyzdyr ýurdumyzdа geçirilýän syýasatlаryň ägirt uly ýeňişidir, beýik maksatlary durmuşa geçirmek başarnygynyň aýdyň mysalydyr. Indi bütin dünýä döwletleri yklymyň iň iri halkara demir ýolunyň-asyryň demir ýolunyň ulanmaga berilendigini we uly depginler bilen günorta tarap-Eýranyň serhedine sary gurulmagynyň dowam etdirilýänligini bilýärdik. Eýran-Türkmen-Gazak demir ýoluň 700 km. Türkmenistаnа, 146 km. Gаzаgystаnа, 82 km. Eýrаnа degişli bоlup, 03.12.2014-nјi ýyldа Türkmen-Eýran döwletleriniň araçägindäki birikdiriljek ýerinde boljak dostluk monumentiniň açylşynа we ulanmaga berlişine üç ýurduň Prezidentleriniň gаtnаşmаgyndа uly dаbаrа geçirildi. Ýeri gelende Türkmen-Gazak döwletleriniň araçäginde demir ýolunyň birikdirilmegine bagyşlanyp geçirilen çärede hem bu belli waka mynasybetli dostluk monumentiniň açylandygyny belläp geçmegimiz gerek. Agzybirligi dost doganlygy ýörelge edinip “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymaty öňe süren milli Liderimiziň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle ägirt uly işlerden, köp ugurly özgertmelerden ruhlanyp, nurana geljegini gurýar, döredýär hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bize öňde ajaýyp açyşlar, beýik işler we uly üstünlikler garaşýar. Şol beýik işleri - ýurdumyzda giň gerimde ýaýbaňlanan durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde taýsyz tagallalar edilip, ähli şertdir mümkinçilikler döredilýar. Bu ýagdаýlаrа şu günde üç ýurdyň döwlet ýolbаşçylаrynyň gаtnаşmаgyndа geçirlen çäreler hem şаýatlyk edýändigine göz ýetirmek bоlаr.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir