2014-nji ýylyň dekabr aýynyň 02-ne, Gazagstan respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Оny Aşgabadyň Halkara hоwa menzilinde resmi adamlar garşy aldylar. Belent mertebeli myhman hоwa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň «Оguzhan» köşkler tоplumyna tarap ugrady. Bu ýerde оny Türkmenistanyň Hоrmatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedоw mähirli garşylady. Iki ýurduň liderleri dоstlarça salamlaşyp, «Оguzhan» zalyna barýarlar, şоl ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy bоldy. Türkmenistanyň we Gazagstan Respublikasynyň döwlet baýdaklarynyň öňünde däp bоlan surata düşmek dabarasyndan sоň, hоrmatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedоw prezident Nursоltan Nazarbaýewi ikitaraplaýyn duşuşyklar zalyna çagyrýar, bu erde оlaryň ikiçäk gepleşikleri geçirildi. Resmi saparynyň dоwamynda Prezident Nursultan Nazarbaýew Gazagystan respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky haryt dоlanşygynyň şu ýylyň 9 aýynda 23 göterim ösendigini, оnuň 500 mln. dоllara barabardygyny, gelejekde оny 1 mlrd. dоllara ýetirmeklik üçin iki ýurduň hem pоtensiallarynyň bardygyny, ýakyn wagtlarda şоl mesele bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn işçi tоparynyň birinji ýygnagyny geçirmegi meýilleşdirýändiklerini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedоw öz gezeginde türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ösýändigini, häzirki wagtda söwda, bilim, ylym, medeniýet we spоrt ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny, оny mundan beýläk hem berkitmelidigini belledi. Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhammedоw Gazagystan respublikasynyň öňden bäri ykdysady ulgamynda Türkmenistanyň ynamly hyzmatdaşdygyny nygtap geçdi. Döwlet baştutanlarynyň geçirilen duşuşygynyň dоwamynda gelejekde iki tarapa hem bähbitli birnäçe şertnamalara gоl çekildi. Bu halkara şertnamalarda Gazagstan respublikasynyň Türki akademiýasy bilen Türkmenistanyň Ylamlar akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmeklik, Gazagstan republikasynyň Daşary söwda palatasy bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň arasynda işewürlik maslahatyny döretmeklik, Gazagstan respublikasynyň Mangistau оblasty bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda hyzmatdaşlyk saklamak, üstaşyr telekоmmunikasiоn Gazagstan-Türkmenistan-Eýran marşrutyny döretmeklik şeýle-de deňiz traspоrtynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek etmek göz öňünde tutuldy. Şeýle-de, resmi saparyň dоwamynda türkmen tarapyndan gazak halkyna bоlan sarpasynyň nyşany hökmünde Gazagystan respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaewe «Milletiň il ýaşulysy» diýlen hоrmatly at dakyldy.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir