Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleriniň çäginde noýabr aýynyň 22-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda amerikan suratkeşi Diana Stetsonyň türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu duşuşykda amerikaly suratkeşiň öz ýurdunyň sungatynyň ösüşi, hususan-da nakgaşçylygyň aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlary, şeýle-de ussadyň talyplara geçen amaly sapagy talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çeperçilik akademiýanyň ähli halypa mugallymlary we talyp ýaşlary gürrüňdeşligiň we sapagyň dowamynda, myhman bilen gyzykly sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa, talyp ýaşlarymyzyň amerikan medeniýeti we sungaty bilen tanyşmagyna doly mümkinçilik berdi. Soňra amerikan suratkeşi Diana Stetson Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda yzygiderli gurnalýan sergiler bilen, ýagny talyp ýaşlaryň we ussat halypalaryň ajaýyp eserleri bilen tanyşdy. Sergide görkezilen, türkmeniň ruhy siňdirilen çeper eserler amerikanly myhman üçin garyşalmadyk, ýöne juda täsirli sungat sowgady boldy. Munuň özi ýaş zehinli talyplarymyzyň saýlap alan käriniň inçe syrlaryny halypalardan doly öwrenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem biziň ýurdumyzda her bir ýaş talybyň, her bir şahsyň medeniýetli adam bolmagy üçin ähli amatly şertler döredilendir. Hoş niýetlere ýugrulan bu medeniýet güni halkyň bagtyýar durmuşyndan, dostana gatnaşyklaryň barha dabaralanmasyndan nyşandyr. Geçirilýän şeýle daşary ýurtlaryň medeniýet günleri ösüp barýan ýaş nesilleriň dünýä halklarynyň medeniýeti we olaryň gadymy hem häzirki zaman şekillendiriş sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna ýardam berýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň medeni mirasyny we sungatyny ildeşlerimize tanyşdyrmak ýaly asylly maksatlara gönükdirlen bu çäre türkmen medeniýet we sungat işgärleriniň, hem-de talyplaryň gözýetiminiň giňelmegine, iş we okuw tejribeleriniň kämilleşmegine itergi berýär.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir