Men ýaňraryn dile gelen zatlary, Ýagyş ýere gelip dyza çökende. Kesim-kesim edip asmanyň garnyn, Porhan bolup ak ýyldyrym çakanda. Men dymaryn, ahmyr bilen dymaryn, Gargamaryn umytlarmy çürkäne. Giderin ses-üýnsiz pelek burçuna, Hesretlermi hopba edip arkama. Men gussa çekerin, ähli hatalam, Gursagyma hanjar bolup çümerler. Şonda gyzyl dörjük bolan ýüregme, Şygyrlarym gözýaş bolup damarlar. Men hormat küýsärin diriligimde, Garaşaryn dolanarna döwranyň. Ýa-da senem sowuldyňmy bireýýäm, Meň gözlerme görünmedik, döwranym. Arman, maňa düşunmezler wagtynda, Gyýylaryn, gözýaşlarmy seçerin. Wah, men bu dünýeden, pany dünýeden, Çözmesi kyn matal bolup geçerin. ŞÄHRIBOSSAN

Köneler, mirasymyz tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir