«Myş-myşlara jogap» atly makalamy internetiň «Talyplar.com.» saýtynyň okyjylary tarapyndan gyzyklanma tapandygyny, oňyn teswirleriň berilendigini belläsim gelýär. Şol wakadan soňra bir okyjy «Ulaglaryň gara aýnalarynyň aýrylmagy barada hem aýtsaňyz sizden hoşal bolardym» - diýip teswir ýazandygyny okap, ulaglaryň gara aýnalaryryň aýrylmagy barada gyzyklanmak, anyklamak üçin žumalist mümkinçiliklerimi peýdalanyp, bu ugurda degişli döwlet edaralaryna ýüz tutdym. Yagny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wagyz-nesihat bölüminiň jogapkär işgäri Döwlet Gurbanowyň aýtmagyna görä, «... ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokary derejede üpjün etmekde we oňyn netijeler gazanmak ugrunda her bir herekete gatnaşyjynyň ýol hereketiniň kadalarynyň talaplaryny dürs berjaý etmekleri zerurdyr. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň de kabr aýynyň 3-ndäki 11924 belgili karary bilen Yol hereketiniň kadalarynyň 3-nji goşundysynyň 7-nji böleginiň 7.3 bendine düşündiriş berýän bellige laýyklykda öndüriji zawod tarapyndan göz öňünde tutulan ýagtylyk geçirijiligi TDS 5727-88-e laýyk gelýän (ýalpyldawuklardan başga) garaňkyladylan aýnalary ulanmaga rugsat edilýär, eger-de iki tarapynda daşky yzy görüş aýnalary bolanda ýeňil awtoulaglarda sürüjiniň we ýolagçynyň öňündäki oturgyçlaryna deňeç aýnalarynda ýagtylyk geçirijiligi 50 %-e çenli garaňkyladylan aýnalary ulanmaga ygtyýr berilýär. Ulagyň aýnalarynyň garaldylmagy ýol-ulag hadysasynyň döremegine sebäp bolup bilýändigini hiç bir sürüji ýadyndan çykarmly däldir ...» diýip soragyma jogap berdi. Ulaglaryň garaldylan aýnalarynyň aýrylmagy bilen bagly ýagdaýlary Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Jenaýat agtaryş müdirliginiň işgärleri hem dogry hasaplaýrlar. Çünki jenaýat edendigi sebäpli gözleg yglan edilenleri ýa-da jenaýatkärleri gözlemekde, umuman jenaýtçylygyň öňüni almakda goltgy bolup durýandygyny belleýärler. Şeýle-de, seýrek gabat gelse-de, atoulaglarda raýatlaryň ahlaksyz hereketleri amala aşyrmaklaryna hem päsgelçilik döredýär. Bulardan başga-da, daşary ýurtly hünärmenleriň bellemegine görä, aýnalary garaldylan awtoulaglarda awtoulagyň salony görünmeýändigi bilen baglanyşykly ogrylaryň hem ünsüni özüne çekýär. Sebäbi awtoulagyň salonynyň içi görünmezligi gözegçiliksiz galdyrylan awtoulaglarda «ogurlamak üçin gymmat bahaly emläkleriň bar bolaýmagy mümkin» diýen düşünjeleri hem döredip bilýär. Yurdumyzda kanunçylygyň berjaý edilmegi ugrunda uly tagallalaryň edilýändigine garamazdan «her bir raýatyň eşejigini berk duşamagy» hiç wagt zyýan etmez.

Köneler, Akademik tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir