19-njy lýul 3-nji awgust 1980-nji ýyl 80 ýurt, 5179 türgen, 21 sport, 203 bäsleşik, 631 medal (204-204-223) XXII tomusky 01impiýa oýunlary 1980-nji ýylyň 19-njy iýyl - 3-nji awgusty aralgynda Moskwa şäherinde geçirilip. Gündogar Ýewropada gurnalan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk 01impiadadyr. Käbir ýurtlaryň boýkot etmegi sebäpli bu çäre 80 ýurtdan 5175 türgen gatnaşdy (1115-si zenan). Bu 01impiadanyň çäklerinde 36 Dünýä, 39 Ýewropa hem-de 73 01impiýa rekordy goýuldy. Angola, Botswana, Laos, Nikaragua. Seýşelles, Moj zambik, Kipr ilkinji gezek gatnaşdy. 01impiýa oýunlaryna 5 million adam stadionlarda tomaşa etdi. 01impiadanyň çäklerinde 203 bäsleşik geçirilip, bu görkeziji şol wagta çenli gurnalan Olimpiýa oýunlaryna gazanylan iň ýokary netije boldy. Medallаryň sanawynda ýer eýesi öňki SSSR bu saparam ilkinji orny eýeledi. Olar 80 altyn, 69 kümüş, 46 bürünç jemi 195 medal gazandylär. 2-nji ýere Gündogar Germaniýa (47-27-42), 3-nji orna bolsa Bolgariýa (8-16-17) mynasyp boldy. ÝATDA GALAN EŞASY WAKALAR Ýüzüji wladimir Sanikow (öňki SSSR) 400 metr erkin, 4x200 estafeta we 1500 metr aralyga ýüzmekde altyn medal gazandy. Ilkinji gezek bir ýüzüji 1500 metr aralygy 15 minutdan ir ýüzüp, pellehanadan geçmegi başardy. Iňlis ýeňil atletikaçylar Stlw Owett we Sebastian Koe 800 we 1500 metr aralyga ylgamakda örän çekeleşikli ýaryştar geçirdi. 800 metrde altyn medala Owett mynasyp boldy. 6 gün soňky 1500 metr ylgawda bolsa Koe beren sözünde tapylyp, ýeňiş gazandy. Dekatlonçy Daleý Tompson (Beýik Britaniýa) ýeňil "atletikanyň koroly" diýen ada mynasyp boldy. Ol bu ugurda şol wagtlaryň ägirdi Ýutiý Kurtsenkodan (öňki SSSR) öňe saýlanmagy başardy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: ALEKSANDR DITÝATIN Ilkinji gezek 1976-njy ýyldaky 0limpiýa oýunlaryna gatnaşan öňki SSSR-li gimnastikaçy Aleksandr Ditýatin şonda toparlaýyn bäsleşikde kümüş medal alypdy. Ýöne 4 ýyl soňky 0limpiadada, ýagny Moskwada altyn medal gazanmagy başardy. 6 enjamly gimnastikada bolsa, flnala çykdy. 01 bir günüň dowamynda 6 medal gazandy. Pitýatin 1 0limpiadada 8 medal alan ilkinji türgen diýen ada eýe boldy. 0I Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda gimnastikada 10 oçko alan ilkinji erkek gimnastikaçydyr.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir