17-nji iýul 1-nji awgust 1976-njy ýyl 92 ýurt, 6084 türgen, 21 spart, 198 bäsleşik, 613 medal (198-199-216) XXI tomusky Olimpiýa oýunlary Moskwa we Los Anjeles şäherlerinden öňe saýlanmagy başaran Monreal şäherinde geçirildi (Mundan soňky 2 01impiada ýokarda ady agzalan şäherlerde gurnalýar). 17-nji iýulda başlap, 1-nji awgustda tamamlanan 01impiada 1260-sy zenan, 6084 türgen gatnaşdy. Tomusky 01impiýa oýunlary ilkinji gezek Kanadada geçirildi. Afrika yklymyndan 28 ýurt boýkot edip, bu Olimpiada gatnaşmady we Olimpiadada çykyş eden döwletleriň sany 92-ä deň boldy. 01impiadany Britaniýanyň şa zenany II Ýelizaweta açdy. Andorra, Antigua we Barbuda, Kaýman adalary hem-de Papua Täze Gwineýa döwletleriniň türgenleri ilkinji gezek gatnaşdy. Medallaryň sanawynda öňki SSSR 1-nji (49 altyn, 41 kümüş, 35 bürünç), Gündogar Germaniýa 2-nji (40-25-25), ABŞ bolsa 3-nji ýeri (34-35-25) eýeledi. Ilkinji gezek 01impiadany gurnaýjy döwlet altyn medal alyp bilmedi (5 kümüş, 6 bürünç). ÝATDA GALAN ESASY WAKALAR Wengriýaly Miklos Nemet OIimpiadalarda altyn medal alan türgeniň çagasy bolup altyn medal alan ilkinji türgen boldy. Miklosyň kakasy 1948nji ýylda ýekedaban zyňmakda, özi bolsa, Monrealda naýza zyňmakda altyn medala eýelik etdi. Italiýaly Klaus Dibiasi (platformdan suwa bökmek) bassyr 3-nji altyn medalyny gazandy. Ol 4 Olimpiadada medal alan suw sporty bilen meşgullanýan türgenleriň arasynda ilkinji türgen diýen ada eýe boldy. Gimnastikaçy Nikolaý Andriýanow (SSSR) 1976-Monreal Olimpiadasynda 7 medal gazanyp, bu Olimpiýa oýunlaryndan iň köp medal alan türgen boldy (4 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç). Ýaponiýaly tüpeň atyjy Taro Aso 32 ýyl soň ýurduň premýer-ministri wezipesine saýlandy. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: DIK FOSBURI 1976-njy ýyldaky Olimpiadanyň iň esasy ýyldyzlarynyň biri rumyniýaly gimnastikaçy gyz Nadiýa Komaneçi boldy. Ol bu Olimpiadada 10 oçko (alyp bolaýjak bar oçko) toplap, Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda şeýle netije görkezen ilkinji gimnastikaçydyr. 1975-nji ýyldaky Ýewropa çempionatynda 4 altyn medal alan Komaneçi 1976 we 1930 tomusky Olimpiýa oýunlarynda 4jemi 9 medal gazandy. 1981 nji ýylda Dünýä talyp oýunlaryndan soň bu sport bilen hoşlaşdy.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir