26-njy awgust 11-nji sentýabr 1972-nji ýyl 121 ýurt, 7134 türgen, 23 sport, 195 bäsleşik, 600 medal (135-195-210). Germaniýada geçirilen 2-nji 01impiýa oýunlary bolan 1972-Berlin Olimpiadasyna 121ýurtdan 7134 (1059-sy zenan türgen bolup, olaryň sany ilkinji gezek 1000-den geçdi) türgen gatnaşdy. 26-njy awgust-ll-nji sentýabr aralygynda gurnalan 01impiadada türgenler sportuň 23 görnüşinde 195 bäsleşik geçirdi (şol wagta çenli iň ýokary görkeziji). Syýasy we uly gopgunly wakanyň kölegesinde galan 01impiadanyň ilkinji 10 güni asuda we parahatçylykly ýagdaýda geçdi. Ýöne 5-nji sentýabrda pajygaly wakanyň ýüze çykmagy 01impiadanyň ýatyrylmagyna sebäp boldy. Emma 34 sagat soň Halkara Olimpiýa Komiteti sport baýramçylygyny dowam etdirdi. Münih şäheri Madrid, Detroit we Monreal şäherlerinden köp ses alyp, 01impiadany gurnamaga hukuk gazandy (1966 ýyl). Albania, Burkino Faso, Benin, Gabon, D.Koreýa, Lesoto, Malawi, S.Arabystany, Somali, Swaziland we Togo ýurtlarynyň türgenleri ilkinji gezek bäsleşdi. llkinji gezek 01impiýa maskoty bu 01impiadada peýda boldy. Açylyş hem-de jemleýji dabaralary Münihdäki öz gurluşy taýdan owadanlygy bilen tapawutlanýan 01impiýa stadionynda geçirildi. Medallar boýunça SSSR ýenede sanawyň ilkinji basgançagyna çykmagy başardy. Öňki soýuzdan gelen türgenler altyn medalyň 50-sine, kümüş medalyň 27-sine, bürünç medalyň bolsa 22-sine (jemi 99) eýelik etdiler. 2-nji bolan amerikanlar 33 altyn bilen kanagatlanmaly boldy (31 kümüş, 30 bürünç). Ýer eýesi Günbatar Germaniýa bilen Gündogar Germaniýanyň arasynda 3-njilik ugrunda ýiti göreş bolup, "myhmanlar" bu ugurda öňe saýlandylar. ÝATDA GALAN EŞASY WAKALAR Finlýandiýaly uzyn aralyga ylgaýjy Lasse Wiren 1000 metr ylgaw ýaryşynyň ortalarynda ýykylýar. Muňa garamazdan ýerinden derrew turup ylgap başlaýar we rekord bilen altyn medala mynasyp bolýar. Bu onuň Olimpiadalardaky 4 altyn medalynyň ilkinjisidi. Doping barlaglary ilkinji gezek geçirildi. Bu Olimpiadanyň metbugat ýyldyzy SSSR-li ýaşajyk gimnastikaçy Olga Korbut boldy. Ol bu ýaryşda 3 altyn medala mynasyp bolup, SSSR-iň gimnastika ugrunda taýsyzdygyny görkezdi. Atçylyk sporty boýunça Günbatar Germaniýanyň adyndan çykyş eden Liselott Linsen hoff ýeňiji bolup, bu ugurda ýekelikde altyn medal alan ilkinji zenan türgendiýen ady eýeledi. OLIMPIADANYŇ ÝYLDYZY: MARK SPITZ Şübhesiz 1972-Münih 0limpiadasynyň ýyldyzy amerikaly ýüzüji Mark Spitz bolup, oi 8 günüň dowamynda 7 bäsleşige gatnaşdy we ählismde-de altyn medal gazanmagy başardy. 1968-nji ýyldaky Olimpiada-da hem 2 altyn medal alan Spitz 1 Olimpiadada 7 altyn medal alan ilkinji türgen boldy (Onuň rekordyny Maýkl Felps 2008-nji ýylda täzeledi). Spitz 9 altyn medal alan 5 türgeniň biridir.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir