Urup dursadyñ sen hassa ýüregim, Söýgimiñ elinden gaýym tutardym. Söýgä, umytlara zar bu dünýäniñ, Ähli kynçylygyn bile öterdim. | Urup dursadyñ sen bimar ýüregim, Ýatdan çykarardym men ähli derdim. Sho günden soñ galan ähli ömrümi, Diñe söýgülime sowgat ederdim. | Urup dursañ, eý, meñ dertli ýüregim, Görmezdim oñ gözündäki yzgaryn. Ýykyp ýolumyzyñ ähli böwedin, Bir dem durman bagta sary ylgaryn. | Urup dursañ, eý, armanly ýüregim, Ýar bilen bagt toýun tutardym men hem. Soñra men dek dertli ähli ynsanlañ, Ýadaman derdine gözlärdim melhem.

Köneler, Brave12 tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir