Käte şeýle bolýar: Juda asuda asman birden garalýar-da, tümlügi, Hatda, ýüreklerem dowla düşürýär, Çünki, tebigata seniñ kimligiñ parhyna däl, öz işini edýär ol, Diñmeli bolanda oýlanman diñýär, Ýagmaly bolanda ýagýar oýlanman. Ine, şular sere kürsäp girende, Dünýäm, ýene sen hakyñda oýlanýan. Bilýänsiñ, göwnüñi görmeklik üçin, Taýyndym ejire, kaýyldym jebre. "Geljek ömrüm seniñ bilen" diýmezdim, Ýeke özüñ deñelýärkäñ bir ömre. Ýöne söýgiñ gözlerine çöp gaçdy, Üzüldi ynamdan işilen ýüpi. Dözmesemem seni çala hasrata, Sen maña mynasyp gördüñ şol ýüki. Çatak düşdi ykbalmyzyñ ýodasy, Bizi bir-birege dözmedi takdyr. Wah, tapylar welin ömür ýoldaşam, Aýt, lowlaýan söýgi nireden tapdy:r?!

Köneler, ruqaya tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir