Ilkinji stepler XVIII asyrda Fransiýanyň koroly Lýudowik XV üçin niýetlenip ýasalýar. Fransuz koroly Lýudowik XV stepleri ilkinji bolup ulanan adam hasaplanýar. Stepler diňe şa köşgünde bolupdyr. Ýöne XIX asyrda kagyzyň giňden ulanylyp başlamagy bilen, ol diňe şalar, hökümdarlar üçin däl, eýsem her bir edaralarda hem gerekli zada öwrülipdir. 1867-nji ýylda Jorj Makgil kagyzlary baglamak üçin ýasan berkidijisi üçin tassyknama alýar. «Stepler» sözi 1909-njy ýylda ulanyşa girýär. Şoňa çenli ony «berkidiji» diýip atlandyrypdyrlar. 1914-nji ýylda bu enjam ABŞ-nyň birnäçe şereketinde peýda bolýar. Şonda oňa «stepler» diýen ady beripdirler. 500 adamdan ybarat iş edaralaryna bir stepler ýeterlik hasaplanypdyr. 1923-nji ýylda «Boston Wire Stitcher Со» şereketiniň öndüren stepleri ýönekeýligi bilen tapawutlanypdyr we uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Häzirki wagtda stepleriň ululy-kiçili dürli görnüşleri bardyr. Onuň iň ululary 250 sahypany berkitmäge niýetlenendir.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir