Юртда yglan edилen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň zehinli ýaşlary ylymlaryň ähli ugurlary bilen içgin gyzyklanýarlar. Taryhy geçmişimizde ylym dünýäsinde ilkinji bolanlaryň ylmy açyşlary olarda aýratyn gyzyklanma döredýär. Türkmeniň taryhynda bolsa şeýle ylmy açyşlaryň başyny başlanlar az däl. Ýer globusynyň taryhy öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, ikinji shematiki sa-da gömüşli globusy hökümdar Atillanyň köşk gullukçysy Krates Malosly (miladydan öňki 145-nji ýylda aradan çykan) tarapyndan ýasalýar. Grek alymynyň bu işi baradaky maglumatlary hakynda grek alymy Starbon: "Her bir ynsan öz maksadyna ýakynlaşmakda eli bilen ýasan Ýeriň şekilini şar görnüşinde görüp bilipdir, Krates hem edil şolar ýaly edipdir" diýip ýazýar. Ýeriň şekiliniň şara menzeşdigi bara¬daky ilkinji pikirleriň gadymy greklere degişlidigini Ibn Yrak Biruna gürrüň berýär. Bu pikir soňraklar köp sanly alymlaryň Ýeriň kiçeldilen göçürmesini ýa-da modelini döretjek bolup synanyşmaklaryna getirýär. Strabonyň bu berýän maglumatlaryna esaslansak, Kratesiň globusy gury ýeriň suratynyň umumy meňzeşligini göz öňüňe getirýär. Gady¬my grek geografy Klawdiý Ptolomeý (takmynan 100-178-nji ýyllar) özüniň "Geografiýa boýunça gollanma" eseriniň XXII babynda globusy ýasamak boýunça görkezmeleri berýär. Onda globusyň üstüne meridianlary, parallelleri we aýratyn ilatly punktlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Anyk maglumatlara görä, Ýer şarynyň kiçeldilen modelini ýasamaga meşhur grek alymy Ptolomeýiň özi synanyşýar. O1 sekiz müňden gowrak ilat¬ly punktlaryň atlaryny öz içine alan "Geografiýa" kitabynda tekizlikdäki şaryň perspektiwasynyň stereografiki we ortografiki proýeksiýalarda düzülen geografiki kartalaryny ýerleşdirýär. Ýer şarynyň kiçeldilen modelini döretmek meselesi Biruna örän gyzykly bolup görünýär. Ptolomeýiň "Geografiýasyny" we musulman geograflarynyň ýollar baradaky işlerini jikmejik öwrenmek bilen ol işlemäge başlaýar. Biruny bu barada "Men Ptolomeýiň "Ge¬ografiýa" kitabynda berlen usul bilen Jeýhanynyň "Ýollar barada kitap", şeýle hem beýleki alymlaryň işlerinde berlen usullary birleşdirjek bolup synanyşyk etdim. Men birnäçe dagynyk, mälim bolmadyk bilimiň bu pudagynyň üstüni doldurdym. Men ilatly punktlaryň atlaryny we aralyklaryny bilýärin. "Gördüm" diýen syýahatçylardan soramak bilen olardan eşiden gürrüňlerimiň esasynda anyklap başladym. Ilki bilen ýygnalan maglumatlaryň ygtybarlydygyny we şol bir obýekt barada birnäçe adamdan (syýahatçylardan) ýygnalan deňeşdirip, ýalňyşlaryny aradan aýyrdym" diýip belleýär. Merkezi Aziýanyň meşhur alymy Jeýhanynyň "Ýollaryň we döwletleriň kitaby" işi şol döwrüň geografiýa ylmy baradaky düşünjäni dolulygyna suratlandyrýar. Bu kitap Ýer şarynyň kiçeldilen modelini ýasamakda taýsyz gollanma bolup hyzmat edýär. Ýerine ýetirmesi has kyn bolan işi Biruny köp zähmetler çekip amal edýär. X asyryň ahyrlarynda Jeýhanynyň ady Samanlylar döwletiniň islendik künjeginde uly meşhurlyk alypdyr. Jeýhanynyň beýle meşhur bolmagyna ýokary derejedäki adamkärçiliginiň we gysganç bolmandygy, gerek bolan ýagdaýynda zada mätäç, syýahatdan gelen alymlara dürli kömekleri berendigi barada maglumatlar hem bar. Syýahatda bolan her bir alym bilen öz pikirini paýlaşýandygy hem-de öwrenen zatlaryny öz ýan kitapçasyna ýazyp alýandygy we olary öz işlerinde, gürrüň beren alymyň ady bilen peýdalanandygyny belleýär. Jeýhanynyň Horasan emiriniň weziri bolandygy barada alym al-Makidisiniň maglumatlarynda berilýär. Şonuň ýaly-da alymyň filosofiýa, astrologiýa we astronomiýa ylymlaryndan hem başynyň çykýandygy bellenilýär. Germaniýanyň Nýumberg şäheriniň muzeýleriniň birinde eýýäm bimäçe asyrlaryň dowamynda "Ýer almasy" diýlip atlandyrylan kiçijik, diametri 0,54 metre deň bolan eksponat saklanylýar. Ýer şarynyň kiçijik bu göçürmesi¬ni 1492-nji ýylda nýurnbergli alym Martin Behaým ýasaýar we dünýäde ilkinji ýasalan glo¬bus diýlip kabul edilýär. Bu globus hakykatdan hem, Ýewropada ýasalan ilkinji geografiki glo¬busy diýmek bolar. Gündogarda şeýle işi 995-nji ýylda dünýäde ilkinji globusy ýasan Abu Reýhan al-Biruny di¬ýip, tassyklamak bolar. Alym bu globusyň üstün-de sferiki üçburçluklary gurmak, bu üçburçlukda taraplaryň uzynlygy bir şäheriň üstünden geçýän meridianyň dugasy we ikinji şäheriň üstünden geçýän paralleliň dugasy bilen kesişmeginiň netijesinde iki şäheriň arasyndaky aralyklaryň uly tegelek boýunça geçmegine esaslanýar. Şäherleriň arasyndaky aralyklar we giňlikleriň tapawudy boýunça näbelli uzaklyklaryň tapawudyny, ýa-da tersine, haçan-da uzaklyklar belli bolsa, onda giň¬likleriň tapawudyny köp sanly matematiki hasaplamalary geçirmek bilen kesgitlemek bolýar. Şeýlelikde-de, türkmen alymlarynyň dünýä ylmyna hemişe-de uly goşant goşup gelendigi aýan bol¬ýar. Biruniniň ylmy açyşlary türkmen ylmynyň taryhynda aýratyn orna eýedir. Hormatly Prezidentimiz geçmişdäki beýik akyldarlarymyza, beýik şahsyýetlere hemişe guwanmalydygymyzy aýratyn nygtaýar. Milletimiziň Lideriniň tagallasy bilen mermer Aşgabadymyzyň iň gözel, gelim-gidimli künjeginde gurlan ajaýyp "Ylham" seýilgähinde türkmen edebiýatynyň, ylmynyň beýikleriniň hatarynda Biruniniň belent heýkeliniň howalanyp durmagy-da halkymyzyň oňa goýýan belent sarpasyndan alamatdyr.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir