Ak mermer lybasa beslenen paýtagtymyz bu günki gün diňe bir ildeşlerimizi buýsandyrman, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döredýär. Aşgabat diýlende, belentden-belent ajaýyp binaly, bagy-bossanlyga, gülzarlyga, suw çüwdürimleriniň mukamy bilen gurşalan tämiz şaýolly ak mermerli şäherimiz göz öňüňde janlanýar.Kalbymyzyň buýsanjy, guwanjy bolan, Orta Aziýanyň merjeni hasaplanýan ak şäherim z Aşgabat gözlerimiziň alnynda gün-günden gülleýär, gül açýar. Ajaýyp zamanada ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda Aşgabat hemmetaraplaýyn tanalmaz derejede özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzda medeni-durmuş, önümçilik, ylym-bilim maksatly örän wajyp desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi, şeýle-de ýakynda ulanylmaga beriljek gurluşyklaryň barmak basyp sanardan köpdügi Aşgabadyň arzuwlaryň wysal bolýan şäherine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Biz talyp ýaşlar täsin görke eýe bolan ak şäherimizde , ähli amatltykary bolan okuw binalarda okap bilim alýandygymyza diýseň begenýäris, buýsanýarys. Biz talyp ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan arassa, ýagty otaglarda okap, bilim almagymyz, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, zehinli, Watana wepaly, ruhubelent, maksadokgunly, zähmetsöýer, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, döwlet dilini we daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän ýiti zehinli, başarjaň ýaşlar bolup ýetişmegimiz üçin irginsiz aladalar edilýär. Watanymyzyň geljegi bolan biz ýaşlaryň döwrebap bilim almagymyz üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde täze gurlan bilim-terbiýe, ylym ojaklarynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary, okatmagyň iň häzirki zaman usullary ornaşdyrylýar. Öňden bar bolan ylym-bilim ojaklarynyň hem durky täzelenip, döwrebap enjamlaşdyrylýar. Paýtagtymyzyň iň gözel künjeginde ýerleşýän ýurdumyzyň iň bir baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimiziň okuw binasy-da bu aýdylanlara aýdyň mysaldyr. Gurlup ulanylmaga berlen okuw binalarymyzyň ählisi interaktiw multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan. Bar bolan häzirki zaman okuw otaglary, netijeli ylmy-barlaglary geçirmek üçin niýetlenen tejribehanalarymyz , baý kitaphanalarymyz, şeýle-de olaryň elektron nusgalary biz talyplara alýan bilimlerimizi çuňlaşdyrmaga, dünýägaraýşymyzy has-da giňeltmäge uly ýardam berýär. 25—nji maý ýurdumyzda Mermer şäherimiz Aşgabadyň güni diýlip bellenilýär. Külli türkmen halkymyzy dünýäniň iň gözel şaherleriniň biri bolan , özüniň haýran galdyryjy ajaýyplyklary bilen ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen paýtagtymyz Aşgabadyň güni bilen gutlaýaryn. Göreňde gözüňi gamaşdyryjy mermer şäherimiziň at-abraýy dowamat dowam bolsun. Ähliňiziň baýramyňyz gutly mübärek bolsun!

Köneler, TDUayka tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir