Häzirki döwürde telewideniýe, radio, metbugat, Internet ulgamy durmuşymyzda aýrylmaz orny eýeleýär. Habar beriş serişdeleri gündelik durmuşymyzyň möhüm wakalaryny bize ýetirýär. Emma kitaplaryň hem biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny unutmaly däldiris. Biziň gündelik durmuşymyzda kämilleşmegimiz üçin öz bilimimizi artdyrmagymyz zerur bolup durýar. Şeýle zerurlygy kanagatlandyrmagyň çeşmesi bolup hem kitaplar hyzmat edýär. “Kitap okan gullar magnydan dokdur”, megerem, beýik Pyragynyň bu goşgy setirleri hemmämize mälim bolsa gerek. Kitaplar adam ösüşiniň, onuň kämillik derejesine ýetmesiniň ilkinji basgançaklary. Şonuň üçinem, özüňde kitap okamak endigini ösdürmeklige irki döwürlerden başlamaly. Italýan hünärmenleri şol irki döwrüň eýýäm çaganyň alty aýlyk döwründen başlanýandygyny belleýärler. Kagyz ýüzündäki setirlenişip duran garynjalaryň nämedigine düşünmese-de, kitapdaky gahrymanlardyr haýwanlaryň ady oňa hyýaly bir dünýäniň bölegi bolup görünse-de alty aýlyk çaga kitabyň gözelligine düşünip biler. Ene-atasynyň mylaýym sesi bilen okalan kitap olaryň gujagyndaky çaganyň aňyna has hem oňaýly täsir eder. Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, ene-atasynyň gujagynda kitaplary diňlemäge endik eden çagalaryň kitap okamaga aňsat endik edýändigi, şeýle-de olaryň sözlük gorunyň ep-esli derejede köpdügi subut edildi. Kitap okamak göwnüçökgünlikden gutulmagyň ygtybarly çeşmesidir. Şeýle netijä britaniýaly alymlar gelýär. Sasseks uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglarynyň netijesine görä, göwnüçökgünligiň derejesini peseldýän serişdeleriň iň gowy usuly kitap okamak ¬ 68%, saz diňlemek – 61%, bir bulgur çaý ýa-da kofe – 54%, gezelenç etmek – 42%. dostlar geliň şonuň üçin hem kitap okamagy gündelik endigimize öwreliň!

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir