Görüp ýolda ýatan bir bogdak oty, Düýe, Goýun, Öküz begenen gaty. Biraz oýa batyp, seslenen goýun: "Bölüşsek, hijimiz bilmeris doýup. Haýsymyz dünýede köp ýaşan bolsak, Ot şonuňky bolsun ýaýnasyn ol dok. Eger şeýle etsek bolar göwnejaý. Ulyny sylany sylaýar Hudaý". Öküz ýogyn molap diýipdir şo hal: "Goýnuň maslahaty unamazça däl. Bu işde hiç kimiň galmasyn göwni, Her kim aýtsyn näçe ýaşyndadygny".

Köneler, mirasymyz tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir