Ösen jemgyýet ýokary derejeli ösen hünärmenleri talap edýär. Şonuň üçin hem islendik ösen döwletde ýaş hünärmenleriň taýýarlanylyşyna aýratyn üns berilýär. Biziň ýurdumyzda hem ýaşlar jemgyýetiň esasy hereketlendiriji güýji hasaplanýar. Olaryň hemmetaraplaýyn kämil, ylymdan - bilimden ýüki ýeten döwrebap ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin zerur şertler döredilýär. Şol bir wagtda hem ýurdumyzyň raýatlarynyň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri babatda hem bimöçber tagallalary durmuşa geçirýär. «Sagdyn durmuş ynsan bezegidir, bahasyz gymmatlykdyr» - sözlerden ugur alyp hem halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek endigi köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Köpçülik¬leýin bedenterbiýe - sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan mö-hüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bu döwlet syýasaty mil¬letiň sagly¬gynyň berkidilmegine, düýpli öz¬gert¬meler ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň geljegi bolan - beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesliň terbiýelenilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda hem ýurdumyzyň ähli künjeginde Sagdynlyk we bagtyýarlyk atly köpçülikleýin bedenterbiýe, sport hem-de sagdyn durmuş medeni çäreleri ýokary depginde dowam edýär. Milli Liderimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek syýasatyny iş ýüzünde amal etmekde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary hem uly işjeňlik görkezýärler. Uniwersitetiň talyplarynyň arasynda sportuň dürli ugurlary boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Тüркменистан sagdyn durmuşyň tarapdary we wagyz edijisi bolmak bilen, sagly¬gy goraýyş pudagyny kämilleşdirmek, köpçülikleýin bedenterbiýe - sagaldyş hereketini we ýokary derejedäki sporty ösdürmek meselelerine örän çynlakaý üns berip, bu ugurda anyk, yzy¬giderli çäreleri durmuşa geçirýär. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan watanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Aziýa yklymynda abraýly hasaplanylýan şular ýaly bäsleşigiň biziň ýurdumyzda geçirilmegi hem ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýynyň ýokarydygyny görkezýär. Biziň ýurdumyz hem öz gezeginde bu bäsleşigi ýokary derejede geçirmek ugrunda giňişleýin tagallalary durmuşa geçirýär. Sanlyja ýyllarda gözel paýtagtymyzda täsinligi bilen göreni haýrana galdyrýan Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Бedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek türkmenistanlylar üçin mizemez ýörelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň geljegi bolan biz, ýaşlar öz gezegimizde, berk bedenli, sagdyn ruhly, döwrebap aň - düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekde gujur gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekmelidiris.

Köneler, TDUmaksat tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir