Telewizor (telewizor priýomnigi) (lat. Televsorium – daşdan görüji, grek dil. τῆλε - daş we lat. Video - görmek) – simsiz kanallardan ýa- da kabelden berilýän (şol sanda wideosignal döredýän enjamla­ ryň signallary ýa-da telewizion programmalary – mysal üçin, wi­ deomagnitafonlar we beýlekiler) şekilleri we suratlary kabul edýän we şöhlelendirýän elektron en­ jam. Şekilleri aralyklara ibermegiň tag­ lymy gadym zamanlarda hem bo­ lup, miflerde we rowaýatlarda duş gelýär. (mifologiýa görä, gö­ ýä Jemşidiň bir ajaýyp jamy bolup­ dyr, şol jamyň içinde göýä dünýä­ niň hemme ýeri görnüp duran­ myş). Emma şunuň ýaly enjamy döretmek üçin tehniki we nazary esaslar diňe XIX asyryň ahyrlaryn­ da, radio oýlanyp tapylandan soň­ ra ýüze çykypdyr. 1884-nji ýylda nemes oýlap tapy­ jysy Paul Nipkow mehaniki telewi­ deniýäniň esasyndaky ýeňilräk en­ jamy - Nipkowyň diskini oýlap ta­ pypdyr. 1906-njy ýylyň 10-njy oktýabryn­ da alymlar Maks Dikman, Karl Fer­ dinanda we G. Glage, şekilleri iber­ mek üçin Braunyň trubkasyny ulanmaga ygtyýarnama alypdyr­ lar. Braun bu taglymy ylmy däl ha­ saplap, bu ugurda barlag geçiril­ megine garşy bolupdyr. 1907-nji ýylda Dikman ölçegi 3х3 sm, ýigrimi setir ekranly we ýygy­ lygy towlap ulaldylýan 10 kadr/s telepriýomnigi görkezipdir. 1907-nji ýylyň 25-nji iýulynda Pe­ terburgyň tehnologiýa instituty­ nyň professory Boris Lwowiç Ro­ zing “Şekilleri aralyklara elektrik usuly bilen geçirmek” üçin ygtyýarnama alypdyr. Ol elektrik signallary görünýän şekilleriň no­ katlaryna öwürmek üçin katod şöhlelerini ýaýradýan trubkany ulanmagyň mümkinçiliklerini su­ but edipdir. Trubkada şöhläniň ýaýylyşy magnit meýdanlary bilen döredilipdir, signalyň modulýasi­ ýasy, (aýdyňlygynyň üýtgemesi) – diafragma arkaly ekrana geçýän elektronlaryň sanyny özgerdip, şöhleleri dikligine serpikdirýän kondensatoryň kömegi bilen ber­ jaý edilipdir. 1911-nji ýylyň maý aýynda Rus tehniki jemgyýetiniň maslahatyn­ da Rozing ýönekeý geometrik şe­ killeriň telewizion şekillerine geçi­ şini we olaryň elektron şöhle trubkaly ekranda alnyp görkezilişi­ niniň usullaryny görkezipdir. Geçi­ rilen şekiller gymyldysyz, ýagny hereketsiz bolupdyr. 1908-nji ýylda ermeni oýlap tapy­ jysy Owanes Adamýan signallary geçirmek maksady bilen oýlap tapan enjamy üçin ygtyýarnama alypdyr. Ol “Geýsleriň trubkasy­ nyň ýagtylyk yrgyldysynda ossilog­ raf aýnasynda şöhlenenen ýagty­ lyk toplumjygynyň çäkli yrgyldyla­ ryny üýtgetmek üçin ulanyşa taý­ ýarlanmagy” barada bolup, ygtyýarnama almak üçin arza 1907-nji ýylda berlipdir. Soňra ol şonuň ýaly ygtyýarnamalary Beýik Britaniýada, Fransiýada we Russi­ ýada alypdyr.(“Aralykdan elektrik arkaly geçirilen şekiller üçin pri­ ýomnik” 1910). 1918-nji ýylda Adamýan Russiýada ilkinji bolup, telewideniýäniň ösüşinde uly ädim bolan gymyldamaýan gara- ak şekilleri görkezmäge ukyply en­ jamy ýygnapdyr. Ol 1925-nji ýylda telewideniýäniň üç reňkli elektromehaniki ulgamy­ na, ýagny aralyga üç tapgyr yşly diskiň ýardamy bilen şekilleri ug­ ratmaga niýetlenen enjam üçin ygtyýarnama alypdyr. Disk aýla­ nan mahaly üç reňk ýeke-täk şeki­ le goşulypdyr. Şol ýyl bu tejribe Ýe­ rewanda geçirilipdir. Şeýle hem Taşkendiň alymlary B.P. Grabows­ kiy we I.F.Belýanskiý dagynyň 1928-nji ýylda elektron telewide­ niýe ulgamyny döretmek barada birgiden işleri bar. Olaryň tejribe­ lerinde geçirilen telewizor priýom­ nigi “telefota” atlandyrylypdyr. 1925-nji ýylda şotland oýlap tapy­ jysy Jon Loji Berd ilkinji gezek Nip­ kowyň diskini ulanyp, hereket ed­ ýän şekilli telewizion geçirilişi gör­ kezipdir. 1920-nji ýylyň ahyrynda onuň esaslandyran “Baird Corpo­ ration” şereketi dünýäde ýeke- täk telewizor öndüriji bolupdyr. B. Rozingiň şägirdi W.K. Zworykin elektron telewideniýesiniň tehni­ kasynda hakyky öňe gidişlik gaza­ nypdyr. Ol rewolýusiýadan soňra Amerika göçýär we bu ugurda iş­ leýär. Ol 1923-nji ýylda bütinleý elektron esaslardan ugur alýan te­ lewideniýäniň üstünde işläp baş­ lapdyr. Ol 1931-nji ýylda dünýäde ilkinji gezek “Ikonoskop” atlandy­ rylýan mozaiko fotokatodly geçiri­ ji elektron turbany döredip, elekt­ ron telewideniýäniň ösüşiniň esa­ syny goýupdyr. Ikonoskop – ilkinji elektron geçiri­ ji telewizion trubkasy, telewizion priýomnikleriň köpçülikleýin önümçiligine başlamaga mümkin­ çilik berdi. Soňra Zworykin bütin­ leý elektron telewizion ulgamyny döretmek bilen meşgul bolupdyr. Doly üstünlik gazanmak üçin iko­ noskopy we kineskopy (kabul edi­ ji trubka) kämilleşdirmek, elektrik signallaryny üýtgetmek we geçir­ mek, talap edilýän fotoduýujylyk gurluşy almak bilen bagly tehniki meseleleriň çözgütleri boýunça uly işleriň geçirilmegini talap edip­ dir. Metbugatda täze enjamyň ady peýda bolupdyr – radioglýadi­ tel. Şekilleri optiki – mehaniki ulgam­ da ýaýlyma bermek bilen yzygider­ li telegepleşik bermek ABŞ-da 1927-nji ýylda, Germaniýada 1929-njy ýylda başlapdyr. Elekt­ ron esaslarda ilkinji yzygiderli gepleşik UKW – diapazonynda 1935-nji ýylda Germaniýada, 1936-njy ýylda Angliýada, Italiýa­ da we Fransiýada başlapdyr. Gep­ leşikleri bildiriş edip, ýaýlyma çyk­ mak 1936-njy ýylda Beýik Britani­ ýada başlapdyr. Eger-de 1947-nji ýylda ABŞ-da 180 müň töweregi telewizor bo­ lan bolsa, 1953-nji ýyla çenli onuň sany 28 milliona çenli artdy. (ýagny her ikinji maşgalada tele­ wizor bardy). Bazar 6 ýylyň içinde gara-ak telewizorlardan dolupdy we amerikanyň radiosenagaty halk köpçüligi üçin niýetlenen tä­ ze haryt döretmek maksady bilen reňkli telewizorlaryň üstünde çyn­ lakaý işläp başlady. NTSC ulgamy işläp bejerilenden we döredilenden soňra, 1953-nji ýylda ABŞ-da yzygiderli reňkli tele­ wizion gepleşikler berlip ugrady. Şonda hem reňkli telewizorlar peýda boldy. Şol döwürde onuň ortaça müň dollar töweregi baha­ sy bardy, (awtoulagyň bahasynyň ýary), oňa hyzmat etmek bolsa, bir ýylda çen bilen ýene-de şonça baha baryp ýetýärdi. Mysal üçin, hepdede diýen ýaly hünärmenle­ riň gelip, sazlap gitmegini talap edýärdi . Şonuň üçin, ABŞ-da reňkli telewi­ zorlar diňe 12–15 ýyldan soň, giň halk köpçüligi üçin öndürilip baş­ lanypdyr. (diňe 1966-njy ýyla çen­ li ilkinji 10 million reňkli telewizor satyldy). Şonuň ýaly hem ýapon ra­ diosenagaty ABŞ-yň bazary üçin arzan reňkli telewizorlaryň önüm­ çiligini tiz ýola goýdy. Öňki SSSR-de yzygiderli telegeple­ şikler 1939-njy ýylyň 10-njy mar­ tynda başlapdyr. Bu ýurtda telewi­ zor önümçiligi 1932-nji ýylda ýola goýlan hem bolsa, ilkinji sowet te­ lewizory 1940-njy ýylda öndüri­ lip, “KWN–49” atlandyrylypdyr. Eý­ ýäm 1957-nji ýylda öňki Soýuzda telewizorlaryň sany bir million­ dan geçýärdi. Reňkli telewizorlar 1958-nji ýylda öndürilmäge girişil­ se-de açyk satuwda bolmandyr. Netijede, 1958-nji ýylda ozalky SSSR bilen Fransiýanyň arasynda reňkli telewideniýe babatda hyz­ matdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekilýär we giň halk köpçüligi üçin niýetlenen ilkinji reňkli geple­ şik 1967-nji ýylyň 7-nji noýabryn­ da ýaýlyma berlip başlanýar. Ilkin­ ji reňkli telewizorlar hem Fransiýa­ dan satyn alnypdyr. “Rubin – 401” SSSR-de ilkinji reňk­ li telewizordyr. (1967). Onuň has köpçülikleýin öndürilen görnüşi “Rubin – 714” 1976-njy ýylda çy­ karylypdyr. 70 – 80-nji ýyllardan soň gara-ak reňkli telewizorlaryň ornuny ýuwaş-ýuwaşdan reňkli telewizorlar eýeläp başlaýar. 1980-nji ýylyň ahyrynda öňki SSSR-iň ilatynda eýýäm 50 million­ dan gowrak reňkli telewizor bar­ dy. Çen bilen 1990-njy ýyllara çen­ li telewizorlar başdan-aýak kinos­ kopyň esasynda (elektron şöhle trubkasy) ulanyldy. Ýöne şu dö­ würde kinoskoplar hem bütinleý kämilleşip, tekiz ekranly telewizor­ lar öndürilip başlanypdy. XXI asyryň başynda bolsa, eýýäm suwuk kristallik we plazma ekran­ ly telewizorlar köpçülikleýin öndü­ rilip ugrady. Häzirki zaman telewi­ zorlarynyň ölçegi birnäçe esse uly bolup, örän takyk görkezýär. 2008-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda ilkinji lazer telewizory satuwa çyk­ dy. 2010-njy ýyldan soň, telewizi­ on priýomnikleriň mundan buýan­ ky ösüşinde ýokary takyklykdaky 3D telewizorlar has ileri tutulyp başlandy.

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir