Dünýäde iň ilkinji multfilm Bilermenler haýsy multfilmi ilkinji hasaplamalydygy barada belli bir pikire gelenokler. Bu hukuk üçin azyndan üç multfilm göreşip biler: “Şadyýan ýüzjagazyň degişmesi”, “Arwahly myhmanhana” we “Fantasmago­ riýa”. Ýöne biz Jeýms Stýuart Blek­ tony we Emil Koly suratly filmleri il­ kinji döredenler hasaplap bileris. Ýöne welin, barybir “Fantasmago­ riýa” ilkinji multfilm hasaplanýar. Käbir hünärmenler 1900-nji ýyla çenli Jeýms Stýuart Blektonyň “Janly we jadyly suratlary” döre­ denligine ynanýarlar. Ol grafika sungatyny we kino tehnikasyny utgaşdyryp, multiplikasiýanyň joş­ gunly gurşawyny emele getirip­ dir. 1906-njy ýylda Blekton “Şadyýan ýüzjagazyň degişmesi”, 1907-nji ýylda bolsa, “Arwahly myhmanha­ nada” filmini döredipdir. Iň soň­ kusyny tomaşaçylar has şowhunly garşylapdyrlar. Ol ýerde jansyz närseleriň “Direliş” tilsima­ ty aýratyn täsirli berlipdir. Emma welin, Blektonyň ähli mul­ tikleri biziň nukdaýnazarymyza görä, doly bahaly we talaba laýyk bolmandyr. Olar diňe “Fantasma­ goriýada” ulanyp boljak mümkin­ çilikleri görkezipdirler. Köp sanly bilermenler şol döwrüň ähli tilsi­ matyny we usulyny özünde jem­ län hut şu multfilmleri dünýäde il­ kinji hasaplaýarlar. “Fantasmagoriýa” multfilmini fransuz suratkeşi we karikatu­ raçysy Emil Kol çekipdir. Ol multfilmi 1908-nji ýylyň 17-nji aw­ gustynda jemagata görkezipdir. Multigi ak kagyza garaňky zolak arkaly geçiripdir, soňra olary ne­ gatiwde çap edip, oňa effekt be­ ripdir. 1,5 minutlyk lentany döret­ mek üçin 700-den gowrak surat çekilipdir.

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir