Salam talyplar.com sahypasynyň hormatly agzalary we myhmanlary. Ýetip gelýän täze ýylyňyzam düşümli ýyl bolsun. 2012-nji ýylda ýetip bilmedik maksatlaryňyza 2013-nji ýylda ýetmeklik nesip etsin. 2012-däki göýberen ýalňyşlyklarymyzy 2013-de düzetmek nesip etsin! Menem ýaşulylardan eşiden bir rowaýatymy siz bilen paýlaşaýyn diýdim. Rowaýat gysgaça we çyndygyny aýdyp biljek däl. Ýaşlara, çagalara edep terbiýe maksady bilen aýdylan rowaýat bolmagam ahmal. Gadym zamanda bir çopanyň obasynda toý bolupdyr. Türkmen aga "çopana meýlis haram" diýip ýöne ýere diýenok. Çopanyň elinde giden mallary bolansoň toýa görünmäge mümkinçiligi bolmandyr. Toý golaýladygyça bu çopanyňam toýa gitmäge höwesi artypdyr. Emma amanat mallary tabşyrar ýaly hiç kimsesi bolmansoň alada-da edip ugrapdyr. Ine, bir günem çopanyň ýanyna bir möjek gelipdir we mallary özüne tabşyryp gitmekligi teklip edipdir. Çopan möjekden amanat mallary arkaýyn goýup gitmekligi üçin äht etmekligi isläpdir. Möjek bolsa: - Çopan aga, siz maňa ynanyp arkaýyn toýuňyza gidiberiň. Eger-de mallaryňyzyň ýekejesini ynjytsam, tabagyny ýalamadyk adam ýaly göräý - diýipdir.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir