Salam eziz dostlarym,gadyrdan "talyplar.com"-yň agzalary we myhmanlary!ine,2012-nji ýylam öz nobatyny gutaryp,indiki - 2013-nji ýyla tabşyrýar.gutaryp barýan ýylda bolup geçen wakalary,hadysalary bir temada agzap geçmek elbetde başartmasa gerek?!şonuň üçinem bu temada dünýäde iň meşhur sport görnüşi,özüne milliardlarça adamyň ýürek söýgüsini siňdiren futbol dünýäsinde şu ýylyň dowamynda bolup geçen ähli zatlary jemlemekçi.onda näme,men-ä 2012-nji ýylyň ýanwaryna dolanýaryn we sizi hem çagyrýaryn. Täze ýyl baýramçylyklary uly goh-galmagal,şagalaň-şüweleň bilen geçip gitdi.adamlar ýuwaş-ýuwaşdan adaty-gündelik durmuşa,işe,okuwa we ş.m. dolanyp gelýärler.futbol dünýäsi hem kem-kemden baýramçylyk duýgusyndan aýrylyp başlaýar.ýanwar aýynda,köpüňiziň bilşiňiz ýaly futbol äleminde iň abraýly baýrak bolan "altyn pökginiň" eýesi yglan edilýär.ses berilişige madridyň "real"-ynyň portugaliýaly superýyldyzy kriştianu ronaldu,ispaniýanyň ýarymgoragçysy hawi ernandes we onuň klubdaşy,argentinaly lionel messi gatnaşdy.netijede,9-njy ýanwarda,şweýsariýanyň zürih şäherinde ýeňiji yglan edildi.baýragyň eýesi argentinaly hüjümçi lionel messi boldy.onuň görkezijisi 44,78 %,ikinji ýeri 21,60 %-i bilen portugaliýaly ronaldu we üçünji ýerde bolsa 9,23 % görkezijisi bilen hawi dagy aldylar. Bu netije "real"-yň we hususan-da ronaldunyň janköýerlerini gynandyrdy.olar bu ses berilişigiň adalatly däldigini aýtdylar.madridly klubyň fanlaryndan:"messi 2011-nji ýylda bu baýraga mynasyp däldi,çünki ol geçen möwsümde hiç zat utmady topary bilen."çempionlar ligada" "inter","dünýä çempionatynda" bolsa ispanlar birinji ýerdi.messi argentinasy bilen germaniýadan 4-0 utulyp masgara boldy,lionelyň özi bolsa ýaryşda bir gol hem salyp bilmän "toparda iň dereksiz oýunçy" diýen resmi däl ady aldy" ýaly gürrüňleri eşitmek mümkindi.bu geplere seretmezden messide bu baýraklaryň sany 3-e ýetdi. 3 sany "altyn pökgi"-niň eýesi bolmak bilen messi niderlandlylar ýohan kroýf we marko wan basten hem-de fransuz mişel platini bilen deňleşdi.emma 3 gezek yzly-yzyna utmagy bolsa diňe platini (1983-1985 ýyllarda) we messi başardy. Baýraklar gowşuryldy,gep-gürrüňler ýatyşdy,futbol ýaryşlary "gyşky uky"-dan çykyp,ýazky tapgyra başladylar.çempionlar ligasynda,angliýanyň,ispaniýanyň,italiýanyň,germaniýanyň we beýleki ýurtlarda toparlar ýene çempionlyk ugruna göreşe dolandylar. Dünýäniň iň güýçli ligasy bolan iňlis premýer-ligasynda mançesterly iki komandanyň - mançester ýunaýtediň we mançester sitinyň basdaşlygy ähliumumy üns merkezindedi.bir döwürde hiç kim "gyzyl şeýtanlaryň" çempionlygynda şübhelenmezdi,emma ser aleks fergýusonyň topary "öz aýagyna palta urdy".wigan atletikdan 1-0 hasabynda utulyp,soň "şäherlilerden" basylmagy netijesinde iki toparyň utuklary deňleşdi. Çempionatyň iň soňky turynda bolsa roberto mançininiň topary öz taryhynda üçünji gezek çempion bolmagy başardy."kpr"-a garşy oýunda "siti" 1-2 hasabynda ýeňlip barýardy,emma topar öz güýjüni we garadan gorkmaz häsiýetini görkezip 3-2 hasabynda ýeňiş gazandylar.ikinji ýere "gyzyl şeýtanlar" mynasyp boldy.üçlügi arsenal jemleýär.megerem,"kanonirlaryň" bu ýeri almagynda olaryň hüjüm naýzalarynyň öran ýiti ujy bolan robin wan persinyň roly örän uly bolsa gerek?!çünki wan persi ýöne ýere 30 gollary bilen bombardirleriň arasynda birinji bolman,eýsem premýer-liganyň iň oňat futbolçysy diýip yglan edildi. Angliyanyn kubogyny bolsa mowsum boyuncha in bir hayran ediji oyun gorkezen topar bolan "chelsi" eyeledi.finalda olar birazajyk eminin yalnyshlygy netijesinde "liverpuly" yendiler.oyun umuman chekeleshikli,denrak tempda gechdi.oyunda eminin yalnyshlygy bolmadyk bolsa hasap duybunden bashga hem bolardy.ramiresyn we drogbanyn gollary bilen onde baryan "chelsa" 66-njy minutda oyuna giren endy kerrol bir jogap berdi.oyunyn gutarmagyna 7 minut galanda bolsa emin kerrolyn salan pokgusini hasap etmedi(powtorda topun chyzykdan anryk gecheni achyk gorunyar).sheylelikde hasap 2:1 bolup gutardy. Angliyanyn superkubogynda bolsa aristokratlaryn dereksiz oyuny netijesinde "manchester siti" taze mowsumi yenish bilen bashlady. Ispaniýada hem ýagdaýlar edil iňlis çempionady ýalydy.iki sany aňrybaş toparlar - "real" we "barselona" öz aralarynda kimiň altyn medallara mynasypdygyny anyklamak bilen başagaýdylar.sonky 2-3 ýylyn dowamynda pireney yarym adasynda dine "barselona" hemme kuboklary we hemme toparlary yenyardi.pepyň topary oz oyuny bilen "galaktikoslary" hem masgara edyardiler.emma "realyn" ruluna "the special one" lakamy bilen tanalyan,her bir talim beren toparynda ozunin professionaldygyny bireyyam hemme kisha subut eden portugaliyaly talimchi joze mourinyo "men "real" bilen ishimin 2-nji ýylynda "primerany" alaryn" diyen sozlerini hakykata owurmegi bashardy.mowsum bashlandan "galaktikoslar" oran elhench(garshydashlar uchin),yokary netijeli,yurekden gaydyan oyun gorkezip ugradylar.onler "barsankylar" garshydashlaryny 7:0,8:0 hasap bilen nokautlayan bolsa,indi "real" hem bu gorkezija yetdi.ustesine-de madridlylaryn oyuny has gyzgalanly we ozune chekijidi,emma katalonlylaryn däp bolan owadan paslashyklarynda onki yaly hyjuw,howes yokdy.netijede,olaryn paslary mehaniki hasiyete eye bolup,hujumde yuregini yitirdi.muna "barsanyn" hemme zady utup yadandygy sebap bolup biler."primeradaky" birinji "el klassikoda" katalonlylar yenenem bolsa,sonkularda den,a liganyn sonunda "kamp nouda" yenilmekleri chempionlyk yaryshyn sonuna nokat goydy.onsonam,ispaniyada birinji yerlik "el klassiko" oyunlarynda chozulman,zaragozalara,granadalara we s.m. garshy oyunlarda utuk almak arkaly gazanylyar."patysha klubyndan" tapawutlylykda,"barsa" adaty toparlar bilen o diyen erjel oynamady we almytlaryny aldylar.real bolsa rekord gorkezijileri bilen birinji boldy. Umuman,katalonlylar bu mowsum dine ispaniyanyn kubogy bilen kanagatlanmaly boldular.finalda olar bilbaonyn "atletikyny" yendiler.sheyle hem messi bu mowsum in onat oyunchu adyny aldy.messinyn mullerin rekordyny tazelanini hem bellemek gerek.katalonlylaryn jankoyerleri uchin erbet yagday-hosep gwardiolanyn topardan gitmegidi.pep ozunin futboldan yadandygyny we birsalym dynch almak isleyanini aydyp,ol bu netija mowsumin ortasynda gelendigini belledi. Superkubok ugrunda oynalan matchlarda "barsanyn" taze talimchisi tito wilanowa bir yyl mundan on barmagyny gozune sokan joze mourinyonyn toparyna garshy guychli hujum edyan duzumini chykardy.netije-de "kamp nouda" hasap 3-2 bolanam bolsa,oyunda katalonlaryn guychlidigi gorunyardi we dine waldesyn yalnyshy netijesinde di maria madridlylara jogap oyunda yenishe mumkinchiligi doretdi."santiago bernabeuda" bolan oyunda bolsa yer eyeleri myhmanlaryn etini iyip,sunkuni gemirdi diyse-de bolar.madridlylar birinji taymda hasaby 2-0 etdiler.katalonlylary elbetde bu yagday gaharlandyrdy,aljyratdy.adrianonyn gyzyl petek almagy netijesinde "barselona" has hem pese dushdi.emma ikinji taymda "real" oyuny chala elden gidirdi we bir goly ozune gechirtdi.netijede,hasap 2-1 we "myhmanchylykda salynan golyn sany" boyuncha madridlylar kubogy almagy bashardylar. Yene bir ser saljak chempionatym "seria a" bolup duryar.bu yerde ayratyn oruny "ikinji yashlyk" adyna mynasyp andrea pirlo we onun "yuwentusy" eyeleyar.ayratyn bellemeli zat-"milanyn" yolbashchylary pirlony garrylaryn hataryna goshup,topary tamizlemek bahanasy bilen erkin agent gornushinde ony boshatdy."yuwentus" pursatdan peydalanyp andreany oz duzumine aldy."garry senioaralylar" pirlo ynanmak bilen onda taze ylham,howes doretdiler.pirlo chempionadyn ahli dowrunde yokary derejede oynap in onat oyunchy diyip yglan edildi,"yuwentus" bolsa bir gezek hem yenilman rekord goymagy bashardy.bu mowsumde "yuwidan" bashga "milan" hem birinjilige dalashgardi.emma olaryn stabil dal oyny bu mumkinchiligi yok etdi."rossonerilaryn" duzuminden dine zlatan ibragimowich hakyky sylaga mynasypdyr.28 goly bilen ibra bombardirlerin yazuwynda birinji yeri aldy.boateng,nocherino,tiago silwa dagylar hem yokary derejede mowsumi gechirdiler. Italiyanyn kubogynda bolsa oran ozbolushly,duzuminde edinson kawani,marek gamshik we goran pandev yaly oyunchylary bar bolan "napoli" "yuwentusy" 2:0 hasap bilen yendi. Yewropa ligasy hakynda.uefa-nyn klub yaryshlarynyn arasynda abrayy boyuncha ikinji yerdaki basleshiginde ispaniyanyn "atletiko madridy" yeniji boldy.finalda madridlylar oz watandashlary "atletik" bilen dushushdylar.oyunyn birinji taymynyn birinji yarymynda oyuny tamamlasa-da bolardy,chunki kolumbiyaly bombardir radamel falkaonyn 7-nji we 34-nji minutlarynda salan gollary bilbaolylaryn yenishe bolan mumkinchiligini oran peseltdi.netijede,85-nji minutda diego uchunji goly hem salyar we "atletiko" yeniji bolyar.shu yerde bellemeli zadymyz,"matraschylaryn" duzumindaki falkao gechen mowsum "portonyn" duzuminde bu yaryshda yendi we in gowy bombardir bolupdy.ol bu gorkezijilerini ikinji ýyl bashga toparda hem gaytalamagy bashardy.shubhesiz,radamela "yewropa ligasynyn hemishelik bombardiry" diyen resmi dal ady berse bolar.kolumbiyaly oyunchynyn ussatlygy hemme kisha gorunip dur,shonun uchin hem durli agirtler ony oz duzuminde gormek isleyarler."chelsi","real","manchester siti"....Londonlylar eyyam 60 mln. Yewronyn tayyardygyny hem duydurypdy.elbetde,zlatan ibragimowich bilen birlikde hazirki wagtda falkao dunyanin in guychli merkezi hujumchisi bolsa gerek.bu iki bombardirlaryn ussatlygy beylekilerden(wan persi,serhio aguero,karim benzema...) 2-3 basganchak yokarrakdadyr. Indi bolsa yewropanyn in abrayly klub yaryshy bolan "chempionlar ligasyna" uns berelin.nirde-nirde,emma shu ýyl shu ýaryshda hich kimin pikir edip bilmejek zatlary bolup gechdi.bu hadysalarda "realyn","bawariyanyn","barselonanyn" we in esasan hem "chelsinin" roly ulydyr.gatnashyan islendik turnirynda gurrunsiz faworit hasaplanyan "barselona" bilen mowsumin ortasynda talimchisini chalyshan "chelsi" bir tarapdan,beyleki tarapdan oran uly adimler bilen ispaniyanyn chempionlygyna baryan "real" bilen bundesligada birinjilik ugrunda kynchylyk chekyan "bawariya" chempionlar ligasynyn yarymfinalynda oynamaly bolanda,kop adamlar bu ýylyn finalynda "el klassiko" tomasha etmage tayyarlyk goryardiler.emma futbolda-da edil durmushda bolshy yaly garashylmadyk wakalar bolup bilyar eken!"chelsinin" oyunde gechen ilkinji inlis-katalon chaknyshygynda roberto di matteonyn yigitleri ustunlik gazandy.adalatlylyk uchin "barselonanyn" oyunynyn has owadan,has howply we seretmage lezzetlidigini bellemek gerek.kop futbol ekspertlary,jurnalistlar we beylekiler londonlylara garshy oran kop kritiki sozlerini aytdylar.hususanda,edwin wan der sar:"biz hem "barselona" garshy oynap gorduk.hawa,bu topara garshy durmak oran kyn.olar pokgini ozlerine alyp,garshydashyny goragda oturdyar.shonda-da biz beyle yapyk futbol oynamadyk.hazirki "chelsinin" gorkezyan zadyna futbol hem diyip biljek dal.bu oyun millionlaryn soyguli sportynyn gorkuni we gyzygyny gachyryar.beyle gorkuly oyun gorkezip utanyndan,achyk we yiti hujumli,jankoyerleriniz "wah" diyer yaly oyun gorkezip utulanyn hem gowudyr" diyip belledi."barselona" bu matchda petr chehyn derwezesini hali-shindi ozlerinin ajayyp hujumleri bilen gozgap durdular.emma utuklar owadan oyuna gora dal-de,tablodaky hasaba seredip berilyar.ol yerden bolsa didier drogbanyn 44-nji minutda salan goly netijesinde "chelsinin" yeniji bolanyny bilip bolyar.bu utush bir tarapdan 2009-njy ýylyn chempionlar ligasynyn yarymfinalynda bu toparlaryn arasyndaky norwegiyaly tomas ewrebenyn kop yalnysh goyberip eminlik eden matchyndaky katalonlylaryn yenishi uchin londonlylaryn rewanshy boldy."allianz arenada" bolsa "bayern" 2-1 hasabynda "realdan" ustun geldi.bu netijelerden son "nou kampda" we "santiago bernabeuda" boljak jogap oyunlarynda fawority agzamak kynrak boldy.ine-de,"barselona" oz oyunde "chelsini" garshy aldy.oyunyn birinji yarymynda inlislerin lidery jon terrinyn gyzyl petek almagy we iniestanyn goly "chelsinin" ertekisinin sonlanyandygyny ynandyrdy.emma bu match ayratyn unsi ozune chekmezdi,eger messi 11-metrlik nokatdan salan bolsa we ramires oz ajayyp goly bilen hasaby yene onki durkuna getirmedik bolsa.netijede,londonlylar 2-1 utulyp baryan hem bolsalar "myhmanchylykda salan goly" reglament boyuncha olar finala chykmalydylar.oyunyn sonlanmagyna biraz wagt galanda bolsa fernando torres waldesyn derwezesine ikinji goly salyp,"barselonany" jaylady.ikinji ispan kluby "real" bolsa oz oyunde "bawariyany" oyunyn bashynda 2-0 utup gelyardi.bu oyunyn ikinji yarymynda bolsa madridlylar achyk-aydyn oyuny yitirdiler.nemeslar has erjel,hujumde has chalt oynap bashladylar we hasaby 2-1 edip,goshmacha tayma gechirdiler.bu yerde hem yeniji belli bolmanson,matchdansonky penaltilar yenijini yglan etmelidi."realyn" duzuminden ronaldu we kaka salyp bilmedi we bu yalnyshlykdan germanlar peydalandylar.sonky penaltiny shwaynshtayger saldy we "bawariya" oz oyunde gechiriljek finala chykmagy bashardy.final oyunda bolsa londonyn "chelsisy" we myunhenyn "bawariyasy" bir derweza tarap futbol gorkezdiler,yagny hujum dine nemeslardan inlislere tarap edildi.di matteonyn yigitleri yene chehyn derwezesine "awtobus goydular".bu yagday oyunyn sonuna chenli dowam etdi.83-nji minutda tomas muller kellesi bilen topy tora saldy.emma "chelsi" "chelsi" bolmazdy,bu urguny durs kabul edip bilmedik bolsa.88-nji minutda londonlylar match boyuncha ilkinji uglowoy gazanyarlar."bawariyanyn" jerime meydanchasyna galdyrylan pokgini didier drogba tora salmagy basharyar we oyuny goshmacha wagta gechiryar.goshmacha taymda esasan bellemeli zat arien robbenyn salyp bilmedik penaltisi yer eyelerini yenishden mahrum etdi.sheylelikde oyundan sonky penalti urgularynda iki tarap hem den hasapdady.nemes klubynyn yarymgoragchysy bastian shwaynshtayger oz gezegini puch etdi.onun deregine bolsa drogba durs depip,"chelsa" oz taryhynda ilkinji gezek yewropanyn chempionlar ligasynyn kubogyny almaga komek etdi.elbetde,butin mowsum boyuncha londonlylary kot'd-iwuaryn hujumchisi alyp chykyardy diysek yalnysh bolmaz.onun salyan gollary turnir uchin dine bir anrybash wajyp bolman,eysem toparyn umumy ruhuny galdyrmaga hem komek beryardi. Uefanyn superkubogynda bolsa madridyn "atletikosy" londonlylary taze mowsumi bayraksyz bashlamaga mejbur etdi. Indi bolsa futbol aleminde 2012-nji ýylyn in esasy wakasy bolan yewro 2012 hakynda birki agyz sozlayin.turnir bashlamanka esasy faworitlar saylanyldy.olar dunya we yewropa chempionlary ispaniya,hemishe hemme yaryshda bayrakly yer alyan germaniya,gollandiya.turniryn bashlamagy bilen bulara italiya we angliya hem goshuldy.fransiya we portugaliya bolsa denrak derejede oynayardylar."olum toparchasyna" germaniya,portugaliya,gollandiya bilen bir hatarda daniya dushdi.elbetde,ahli ekspertlar bu toparchadan nemeslaryn we niderlandlaryn chykmagyna garashyardylar.emma ahli zat duypli tersine boldy.bundestim ansatlyk bilen birinji yeri eyeledi.portugaliya k.ronaldunyn ajayyp oyuny arkaly ikinji yeri aldy.esasan hem kri'ronyn gollandiya garshy oyny uly hormata mynasypdyr.pley-off oyunlaryndan esasy bellemeli zat-italyanlar kynlyk bilen inlisleri yenmegi bashardy.fransuzlar bolsa ispanlara garshy durup bilmediler.final oynunda 2006-njy ýylda dunya chempionlary bolan italyanlar we hazirki chempionlar ispanlar oynashdylar.bu matchyn oran gyzykly gechmegine ahli futbol jankoyerleri garashyardylar.chezar prandellinyn topary hem "furiya roholar" yaly total futbol stilinde oynayardylar.italyanlar bu oyunda ispanlara degishli bolan dunya rekordyny bozup bilerdiler,chunki ispanlar 2008-nji ýyldaky yewro-nyn finalyndan bari ahli oyunda pokginin kontrollygy boyuncha garshydashlaryndan yokardady.emma finalda italyanlar 4-0 hasabynda yenildiler.oyunyn birinji yarymynda "skuadrazurilaryn" goragdaky liderlary jorjio kiellini shikes alyp,oyundan chykmaly boldy.ispanlar bolsa 2-0 ondediler.biraz sonra tiago motta hem agyr yagdayda meydanchadan ayryldy.ol wagt italyanlar 3 zamenasyny hem ulanypdy.netijede,10 adam bolup sonlanan oyunda pirlo we co' hich zat edip bilmediler.turniryn in onat oyunchysy andreas iniesta boldy,"altyn butsyny" fernando torres aldy.talyplaryn chaklama turnirynda bolsa akylym1989 birinji boldy we men yene bir gezek ony gutlayaryn. Ine,gysgacha yagdaylar sheylerak:)

Köneler, idealman92 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir