Çagalar durmuş şertlerine görä geljege taýýarlanmalydyr.
Durmuş bolsa hemişe bol-elinlikde geçmeýär.
Käbir danalar ynsan ýaşaýşyny pasyllara meňzedýärler. Durmuş käte ýaz, käte gyş, käte bahar, käte-de güýz ýaly geçer. Her pasla ol paslyň şertlerine laýyklykda taýýarlanmalydyr. Diňe bir paslyň şertlerine öwrenişen ýyly ýurtlarda ýaşaýan adamlar dört pasylyň hem öz gözelligi bilen gelýän ülkämiziň yklym şertlerine uýgunlaşmagy kyndyr. Çünki, olar diňe tomus paslynyň şertlerine öwrenişendirler.
Baý maşgalalarda ýetişen ýaşlaryň has soňra durmuşda kynçylyk çekmekleriniň sebäbi hem budur. Ene-atalarynyň olar üçin taýýarlan rahat durmuşy bu çagalary läliksiredýär, bu sebäpden-de, durmuşyň geljekki kynçylyklaryna, synaglaryna taýýarlanmaýarlar. Çagalyk günleri bir eli ýagda, bir eli balda geçýär.
Çaga ne çakdanaşa läliksiredilmeli, ne-de gorkuzylyp, gözüniň ody alnyp, ýygra halda ýetişdirilmelidir.
Belki-de, iň dogrusy, bu iki usulyň ortasynda bir ýol tapmaly; ýagny, çaga öwgä laýyk iş etse öwüljegini, ýeri gelende-de jezalandyryljakdygyny bilmelidir.
Berk düzgün-nyzamly adam hökmünde tanalýan bir atanyň ýörite saklaýan itleri hem bar eken. Itleri bilen oýnap wagt geçireninde şadyýanlygyny gizläp durmaýan, emma çagalarynyň ýanynda özüni agras alyp barýan atanyň bu halyny geňirgän goňşulary ondan munuň sebäbini sorapdyrlar:
- Goňşy, sen çagalaryň bilen gürleşeniňde özüňi örän çynlakaý, agras alyp barýarsyň, ýeri gelende olara gaharlanýarsyň, olara duýduryş ýa temmi berýärsiň. Emma, şu wagta çenli itleriň bilen oýnanyňda gaharlananyňy görmedik. Itleriňe bolan beýle mähremligiň sebäbi näme?
Tejribeli ata şu jogaby beripdir:
-Itlerimi adam edip ýetişdirmek aladam ýok, ynha onuň sebäbi şu.…
Hawa, siz hem adam bolup ýetişmegini islemeýän çagalaryňyza çakdanaşa mähremlik görkeziň, olaryň lälik hereketlerini görmezlikden geliň, ata-enesinden çekinmejek hala getiriň, bir eli ýagda, bir eli balda – bolluk içinde ýüzdüriň… Bu ene-atanyň perzendine edip biljek iň uly erbetligidir.
Uruş ýyllarynyň gahatçylygyny gören garry daýzalar bardyr. Wagtal-wagtal olaryň, çagalaryň ol ýere-bu ýere taşlan gury çöreklerini ýygnap, çörek owuntyklaryny çöpleşdirip ýörüşlerini görersiňiz. Näme üçin beýle edýärler? Çünki, wagtynda nanyň – duzuň gytlygyny görendirler, mahrumlygyň ejirini çekendirler, şonuň üçin…
Emma rahatlyk içinde ýetişen we isrip etmäge öwrenişen ýaşlarda bu düşünje ýokdur. Belki olar, bu rahatlygy hem az görüp, şükürsizlik ederler.
Bularyň ählisi-de maşgala göreldesi we terbiýesi bilen baglanyşykly meselelerdir. Her bir maşgalada perzentleriň terbiýesine çynlakaý çemeleşilmelidir. Çörek bilen, eşik bilen, sowalga bilen üpjün etmekden başga perzendiniň öňünde ikinji bir borjy bardyr öýtmeýän, olaryň ruhy ýagdaýyny, tälim-terbiýesini ahmal edýän ene-atalar örän uly ýalňyşlyk goýberýärler. Çünki, ene-atanyň iň esasy wezipesi, perzendine kämil ahlak terbiýesini bermek, onuň milletine, Watanyna, külli adamzada haýyrly ogul-gyz bolup ýetişmegini gazanmakdyr.
awtor: anonymous
Lälik çagalar
-
makgush
13 years ago
- Hakyky
-
Jemka91
13 years ago
- Caga lälik ulalsa gorkak bolýa
-
virmenaard
13 years ago

surat şu bolmaly.
hersi herhili welin lälikligiňem disiplinanyňam çeni bar.
-
Turkmenhanymy
13 years ago
- hmm ene atalarmyzyn bizi adam edip yetishdirenlerine caksiz minnetdar bolmaly biz.ene ata terbiyesini alandan son ,ozune akyl yetirip bashlandan son adam oz ozuni terbiyeleyar shol hem esasy terbiyelerin biri bolup duryar.
Sonky dowur koplench goryan cagalam diysen lalik oykelek.ene atasy kayinse,indi duzeleyin diyman gaytam oykeleyarler.kan horluk,kyncylyk gorenoklar shon ucin bolmaly.
-
Makintos
13 years ago
- bäh
-
Kuraldyshy
13 years ago
- hawa caga terbiyesi gaty mohum zat, shu gunlerde-ha hasam.
-
URGENCLI
13 years ago
- dogry
-
virmenaard
13 years ago
- dogrudygyny ha bilyanem welin sizin shulardan bashga nahili pikirleriniz bar, meni shol gyzyklandyryar.
-
Oliya
13 years ago
- gaty dogry yone ene-ata oz cagasyny bolan asha soygusi caganyn lalik bolmagyna getiryar.son shol cagalary durmusha ugrukdyrmak bir kyn bolyar bir kyn bolyar.gyz masgala bolsa hasam kyn.gozuni yumubam bolanok,name etjek yene komek etmeli.durmushdan mysalda gyz durmusha cykyar oglan tarap gyzy soygi bilen garshy alyar,gyz lalik ejesinin oyunde diyen zady bitip duran baran yerindede etjek bolyar,oglan garsy bolyar mydam diyenin bolanok diyip, gyz gelyar ejesine aytyar,ejesi;-onushjak bol senki yalnysh diyyar.gyza shol gun yene onki onkilik hemme zat gul yaly durmush gulki shatlykdan doly,emma gyzyn uyasy shol gun yatyp bilman ejir baryny cekip yaraman baslayar,dogany sheyle alada etyan bolsa eje -kakasy nahili pikir etyarka, nahili alada etyarka,nahili yuregi agyryarka? hey shu barada pikir edip gordumika?durmushda dine sen dal tutush adamzat yasayar in bolmanda ene-atan!dogry aydypdyrlar oglan gowni dag bilen duzde ene-atan gowni oz cagasynda.lalijek gyzlar ene-atanyzyn gownune degmejek bolun merdana yigitler sizem ylalashyp yashan=))
-
virmenaard
13 years ago
- gaty lalik saklasan durmushda-da sizin aydyshynyz yaly kyncylyklar cekyarler. elbetde ene-ata hem dozmeli yerinde dozmeli. cagamyn gownune degmayin diyip kayinc bildirmesen onun sonraky durmushyna zyyan yetirdigin bolar. ondan sonam hem ene-ata hem caga gynanyar.
-
Oliya
13 years ago
- dogry virmenaard,menin gurrunini edyan lalijek gyzym gyzka hemme kishi gowy goryar hakyky yuregi yuka gyz alcak mydam yuzi gulup duran aydanyna yok diyenok men shol gyzyn durmushynda kyncylyk dagy dorar diyip yatsam tursam oyuma gelenok baran yerine dine gulki shatlyk paylayar edibilse yagshylyk edyar sheylede bolsa lalik terbiyelense ahyr bir yerde kosenjek eken.
-
aldarkose12
13 years ago
- belli bir yasha chenli lalliksiretyalera, son ulalandan son ozununem akly yetyara.
-
Oliya
13 years ago
- akyly yetmesine yetyar anyrsynada gecyar yone owrenilen endikda kyn bolyar erk etmek(shol gyzyn oz aydan sozleri)
-
Bayramsoltan
13 years ago
- 1-2 hepde yaly oylerine ugradyp, gozuning odyn almaly eken shol gyzyng. Ozuni ozi tanayandyra, oz diyenin etdirip biljek adamsyna barmaly eken ya(mydam gownungdaki bolayyarmy diysene)
-
jankaka
13 years ago
- enesini gorde gyzyny al gyrasyny gorde bizini al diyyarmi turkmen aga
-
makgush
13 years ago
- Türkmende köplenç körpe çagalar lälik ösýär

-
virmenaard
13 years ago
- laliksiretmeginem ceni bar. laliksiretmeli, nazini cekmeli yone belli bir derejede. bolmasa durmusha cykandan sonra "ay bular men nazimi cekenok" diyip ejesi oyune gaytmak birhili bolar.
ene-atanyn ishleyan ishi hem caga terbiyesine tasir edyar. meselem harby ishgarin cagalarynyn kopusinde disiplina agyr bolyar. mugallymyn cagalary yene uytgeshikrak bolyar.
-
turkmeningozeli
13 years ago
- Hemmanize salam. Dogrymy aydsama men lalik cagalary kanbir halamok. Men ozumem korpe yekeje gyz yone lalik dal.
-
Oliya
13 years ago
- ozunun saylap secip barany onun.yone shu yerde 2 masgalan masgala upjuncilik edishi,umuman alanda dolandyryshy hem gabat gelmese kyncylyk doredyan eken,
-
jankaka
13 years ago
- bu meselede 7 olcap 1 kesmelida men pikirimce
-
virmenaard
13 years ago
- taze mashgala gurmak eyyam basga tema olia. elbetde mun bashynda-da cagalykdan terbiye bar.
-
gadymypaytagt
13 years ago
- ymgyr manyly sozler (sakalyny sypalap duran smaylik)
-
Oliya
13 years ago
- ymgyr manyly sozler (sakalyny sypalap duran smaylik)
gadymypaytagt | 2012-12-07 23:42:12
bah bah hezil edindimay gulup
-
gadymypaytagt
13 years ago
- сен шат болсан мен шат)))
-
Bayramsoltan
13 years ago
- mena lalik dal:D
-
gadymypaytagt
13 years ago
- икимизин общий харакдерлармыз бар ялыла)))
-
Bayramsoltan
13 years ago
- mumkin
-
gadymypaytagt
13 years ago
- якынракдан таншайсак дийайдинми)))
-
Bayramsoltan
13 years ago
- mena diymedim
-
phenomen2
13 years ago
- akyl boley gadympaytun
-
gadymypaytagt
13 years ago
- бирзада душунайжек болянмы пхе сенем егсам вазитса эдип ядадым
-
gadymypaytagt
13 years ago
- хааа мен дийипдирин байрамсолтан
-
Shajy
13 years ago
- phenomen2 gowjo bollo adyny dolyja diyjek bol/ (gashyny chytyp duran smaylik)//
-
phenomen2
13 years ago
phenomen2 gowjo bollo adyny
dolyja diyjek bol/ (gashyny chytyp
duran smaylik)//
shajy | 2012-12-09 11:20:53
eee sen nirden chykdynay ? sokulda otyrsaney sen adyny tutuan yok! ikadtog yorommeg yalak bolup
-
phenomen2
13 years ago
- normalny yazmagy bir owren ilki son gurle!
-
gadymypaytagt
13 years ago
- язян вели ялныш чыкаййа душунайсенай
-
gadymypaytagt
13 years ago
- ёгсам туркмен дили эдебият ол дикдант дородужилик язалян сапак бара ,шонымама 6-лык гоюп берайипдилер.
-
gadymypaytagt
13 years ago
- немелай огланлар 12-лик дийип язапдым вели админдан ярыны айыр ынанмазлар менем ялнышымын ярыны айырайын дийип сообшение гелайди админам чуйлейарей.)))
-
virmenaard
13 years ago
- näme diýýarkä bu indi?
-
gadymypaytagt
13 years ago
- душунжек адам 5 яшында душунер душунмежек 25-де ящ болар дийип накылмызам уержиме эдип отурмалы болайдым
-
gadymypaytagt
13 years ago
- душунжек адам 5 яшында душунер душунмежек 25-де ящ болар дийип накылмызам тержиме эдип отурмалы болайдым
-
virmenaard
13 years ago
- näme diýenem bolsaň dogrudyrlaý
-
gadymypaytagt
13 years ago
- душуншун терс дал ойдйан
-
virmenaard
13 years ago
- dogry bolmasa-da ters däl, arkaýyn bol.
-
gadymypaytagt
13 years ago
- терс диймесенем догры он учин мен аркайын
-
virmenaard
13 years ago
- howa (ýene düşünmedim ýöne şonda-da howa)
-
gadymypaytagt
13 years ago
- хова дашары чыкаймалы
-
gadymypaytagt
13 years ago
- хова дашары чыкаймалы )))
-
virmenaard
13 years ago
- aý men daşarda skameýkalarda ýaşaýana
-
gadymypaytagt
13 years ago
- говудыгны мен эдил шу вагт ерин тейиннеда хова ёк
-
virmenaard
13 years ago
- gerekmi 1kg çekeýin?
-
gadymypaytagt
13 years ago
- герекдиде гижа галайдын
-
virmenaard
13 years ago
- aý bolýa-laý onda, gowy adamdyň, ýaş gitdiň öz-ä.
-
gadymypaytagt
13 years ago
- ёла душунмедин ерин йузуне чыкдык
-
virmenaard
13 years ago
- häää, men aşakda galansyň öýtdüm. aý bulam gowy habar.
-
gadymypaytagt
13 years ago
- сен укласамам деррев жайлайжагай
-
virmenaard
13 years ago
- ýooo ýoo beýtmen, arkaýyn bol. seni dagy öldümän jaýlap bormy?
-
gadymypaytagt
13 years ago
- бир сана ынанып болян экенай))
-
virmenaard
13 years ago
- hiç kime ynanmasan maňa geläý, men ynandyrar ýaly ýalan sözläp bilýän.
-
phenomen2
13 years ago
- gadympaytun name yazanyna ozun bir dushundunmi?
-
virmenaard
13 years ago
- meň pikirimçe düşünenokdyr...
-
phenomen2
13 years ago
- kawagtlar milleti nameka diydirya
-
virmenaard
13 years ago
- birki gezek diýip göräý fenö
-
gadymypaytagt
13 years ago
- фено ганнаны ене говшадыпсынов дуйн агыздырыклы горунйан ялыдын
-
gadymypaytagt
13 years ago
- дегишйандирин огланлар 2 боланыныздан сон агыррак басайдым
-
phenomen2
13 years ago
- Hmmmmbaah
-
gadymypaytagt
13 years ago
- milletim turkmen taypam yomut
-
gadymypaytagt
13 years ago
- eger adam sizin degishmanize gaharlanmayan bolsa,diymek adamda degishmelik dushunjesinin barlygy.eger adam sizin degishmanize gaharlanyan bolsa, onna name diysenem adam sizin degishmanizin manysyna dushunya .
-
gadymypaytagt
13 years ago
- adamlar, muny shorta sozler tema yazayjakdym weli ,gaty kop oylanshyp, cashyp lalige yazayypdyryn
-
virmenaard
13 years ago
- lälige yazyp taň iş edipsiň gädimjik. sag bol yetirenine, gowy eken. galamyn yiti bolsun, internedin ishlap dursun, telpunuň jyňňyrdap dursun, ay garaz bolsun....
-
gadymypaytagt
13 years ago
- virmenard sagbolsun aytman eglennin diyhp gaty gorme muny okap giren yerde bosogoda cashyp galypdyryn gorman depelabem otup gitdin
-
virmenaard
13 years ago
- bir senem menin nickimi dogry yazmagy owrenersin. men ynamym bar muna. yene 5-6 gezek okap, pikirlenip, dashyndan gaytalap praktika etsen dogry yazmagyn mumkin gardas.
-
Induksiya
13 years ago
- http://www.talyplar.com/17788-lalik-cagalar.html
-
atdow
13 years ago
- vir diyay ansatjyk :D
-
gadymypaytagt
13 years ago
- onkusunden azldymy
-
virmenaard
13 years ago
- azaldypsyn
-
atdow
13 years ago
- vir - hany zara ??
-
gadymypaytagt
13 years ago
- irden diydima admin bn shertnama bagladhdym diyip,sozunde duryan ekenay.
-
virmenaard
13 years ago
vir - hany zara ??
atdow | 2012-12-10 04:05:20
aytmayynlay gowusy.
-
atdow
13 years ago
- aytmayynlay gowusy.
virmenaard | 2012-12-10 04:11:37
gozuni yumda aydyp goyber
-
gadymypaytagt
13 years ago
- zara diyyaniniz supermarketmi.kop yerde bara ol
-
gorkakbatyr12
13 years ago
- acysh edipsina
-
gadymypaytagt
13 years ago
- in agyr acyshym
-
gadymypaytagt
13 years ago
- nobel bayragnam berdiler shul acyshyma
virmenaard 13 years ago- surat gaty uly çykdy welin traffik üçin ötünç soraýan.