Onlar •İň berk on: beton •İň köp gepleýän on: telefon •Çekik gözli on: ýapon •Lokomatiwiň yzyndaky on: wagon •İçi suwdan doly on: bidon •İň medenýetli on: pardon soraglar-jogaplar •Dünýäniň iň uzyn derýasy nirä akýar: deňize •Kellesi, guýrugy, aýaklary ata meňzeýän zat näme? taý •Amerikanyň goşunynda iň uly şapka geýýän kim? kellesi iň uly bolan •Gyzanda uzalýan, sowanda gysgalýan zat näme? Gün •Hemme zat bar bolan ýer nire? Sözlük •Dünýäde ilkinji pagta nirä edildi? Topraga •Ramazanda iýilse-de orazany bozmaýan zat näme? Taýak •Çäýnek käsä näme diýipdir? Sen bolmasaň içimi kime dökerdim? •Karol ölse ogly näme bolar? Ýetim •İňlisler çaýyny sagdan çepe, fransuzlar bolsa çepden saga garyşdyrýarlar, näme üçin? Sowasyn diýip •Elipbiýiň birinji üç harpy näme? E L I •Pižama geýen eşege nämi diýilýär? Sag-aman ýatyp tur •Ogurlamak işliginiň geljek zamany näme? Türmä düşmek •Haýsy gaba suw guýulmaýar? Aýakgaba •Pul berip alyp, başga birine mugt berýäris. Bu näme? Bilet •Ň harpy näme üçin ada meňzeýär? “Deňiziň” ortasynda bolandygy üçin •Haýsy ýyldyz hem gije hem gündiz görünýär? Deňiz ýyldyzy

Köneler, hazeleye tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir