Amerikanyň raýatlyk uruşyndan birnäçe ýyl ozal bir ýaş ýigit, bir baýyň kapysyny kakdy. Isleýän zady, garyn doýurmak we ýatmaga ýer üçin işlemekdi. Baý adam bu Jim atly ýigidi işe aldy. Jim hakykatdanam zähmetkeş oglandy. Bütin günüň dowamynda işleýärdi we agşam öýdäki beýleki hyzmatkärler bilen naharlanyp samanhanada ýatýardy. Birnäçe wagtdan soň ol baýyň gyzyny görüp aşyk boldy. Gyzam ony gowy görýärdi. Ähli batyrlygyny jemläp baýa onuň gyzyny gowy görýändigini we oňa öýlenmek isleýändigini aýtdy. Baýyň muňa erbet gahary geldi: “Seniň ýaly gedaý, hyzmatkäre gyzymy bererinmi?” diýip Jimi işden kowdy. Bu wakadan soň 35 ýyl geçdi. Baý samanhanasyny ýykyp täze samanhana gurmak isledi. Ýykylan wagtynda bir wagtky ýaş ýigidiň ýatýan samanhanasyna doly adyny ýazandygyny gördüler. Ol ABŞ-yň şol wagtky (20-nji) prezidenti James A. Garfielddi.

Köneler, hazeleye tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir