Köñül,ne i$ bitirdiñ, geldiñ, jahan icinde, Galdyñ dünyä gamynda, yüregiñ gan icinde, Abat d_p, el urduñ, düýbi weýran icinde, Ten toprakdyr, eglenmez jöwheri_jan icinde, Rüstem guma garylyp, galdy ýegsan icinde, Sen olarnyñ ýanynda gelmez sen san icinde, _ Dünýelik d_p ýügrer sen, tä iciñde dem bardyr, Dem iciñden cykynca, ba$yñda müñ gam bardyr, Gam astynda galar sen, ne oña melhem bardyr, Doýmaz gözüñ dolmaga bir go$awuc gum bardyr, Bu jahanda, adamzat, senden gapyl kim bardyr, Gurda,gu$a nazar kyl, külli perman icinde. _ Eý, ýaranlar, ol dünýä baran bar_da, gelen ýok, Öli_diri halyndan habar, hatyr bilen yok, Çarhy_pelek elinden aglan barda gülen ýok, Akyl ediñ, garda$lar, könelerden galan ýok, Ýalancynyñ wepasy ýokdur diysem, ýalan ýok, Dünýäge bil baglagan, galdy zyýan icinde. _ Ýa, ylaha, sen sakla garakcydan ýollarda, Sagda_solda caparlar suw akmaýan cöllerde, Köñül dünýä gamynda, haram sözler dillerde, Men bir ejiz bende men, kemine men gullarda, Kän günäler gazandym, az pursatly ýyllarda, Gyjalata goýmagyl ýag$y_ýaman icinde! _ Magtymguly, aldaýyr gahba dünýä bezenip, Köñliñni maýyl kylma oña gar$y düzenip, Ne parahat ýatar sen el_aýagyñ uzanyp, Ajal ýatyr keýniñde okun_ýaýyn gezenip, Mag$ar güni barawer imanyñny gazanyp, Gury geldiñ, bo$ gitme ahyrzaman icinde!

Köneler, Jemka91 tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir