Şu ýylyň awgustynyň başynda «Omar Hasan» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy Haýrulla Hemraýew we onuň ülpetleri ýurduň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan 11 tonna 605 kilogram nas temmäkisi bilen tutulupdy. Bu nas bilen bagly jenaýat işi ýurt boýunça derňelen ilkinji uly işdir. Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň ýaşaýjysy Haýrulla Hemraýewiň we onuň ülpetleri Atajan Amanow hem-de Şaheddin Öräýewiň ele salnyşy barada reportaž türkmen telewideniýesinde hem görkezildi. Şeýle etmek bilen hökümet ýurtda nasa garşy göreşi güýçlendirjekdigini aýdyň görkezdi. «Watan» programmasynda nas bilen bagly bu reportaž görkezilensoň, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň ikinji sapar eken temmäki ekinleriniň üstüne ýene polisiýanyň çozup girmegine sebäp boldy. Eklenç çeşmesi bolan temmäkilerini kimler odunlaryň, otlaryň arasynda bukdular, kimler öz ýatýan jaýlaryna salyp, ýorganlarynyň arasyna dykdylar. Gök temmäkini—ýagny nas edilýän temmäkini ekýäni üçin özlerini polisiýa işgärleri kowalap, günlerine goýmaýany üçin indi Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary ak temmäki—ýagny çilim temmäkisi ösdürip başladylar. Ak temmäkini ösdürýänler hökümetiň özlerine azar bermejegine ynam edýärler. Sebäbi olar hökümetiň özüniň hem çilimi gümrükhanalardan geçirip, dükanlarda satdyryp durandygyny aýdýarlar. Geljekde lebaply daýhanlaryň hemmesiniň öz melleklerinde gök temmäkiniň deregine çilim temmäkisini ekmegi mümkin. Sebäbi çilim temmäkisiniň bir kilogramynyň bahasy 160 manat. Şeýle hem ol gök temmäki ýaly narkotiki jisime deňelmeýär. Lebaplylaryň gök-bakja ekinlerini ekmän, diňe temmäki ekmäge höwes bildirmekleriniň öz sebäbi bar. Gök-bakja ekinlerinden düşewünt az bolýar. Lebapda topragyň zaýalanmagy gök-bakja ekinleriniň hasyllylygyny ep-esli derejede peseldýär. Şol sebäpden lebaplylar temmäki ekinine bil baglaýarlar. chesme http://www.chrono-tm.org/tm/archives/270

Köneler, Hayranmen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir