Men saña ýüzlenyän: meni iki jahan owarrasy etme, "hawa" ya "yok" diy. . . Ey, Tañrym, diýýän sozlerim ne, mennä, akylymdan azashjak bolup ýörmükäm? Men sholaryn ikisinem islämok bir göwnum-ä. . . "Bir göwnüme" diylenem gepin gerdisine aydylan söz. Göwun bir. Ol hem bir göwne berilmeli zat. "Hawa" diyseñä, "Çynmyka?" ya "yalanmyka?" diyip oda-koze dusherin. Yalan bolsa, bosh söz, bashdansowma söz yurek yarasyna melhem bolmaz, asylha, melhem bolmaz. "Yok" diysen, in sonkyja umyt sapagy uzuler, meni senin bilen hyyalda baglashdyryan kopri yykylar, herimiz bir kenarda ya uçut yakasynda galarys. Onsan ikimizede birek-biregin durmushyny alachsyz synlap oturmakdan bashga çäre tapylmaz. Gowsy, sen hawa-da diyme yogam diyme Goy muny diller dal-de, gozler, dilsiz-agyzsyz duygular, birek-biregin yanagyny, saçyny sypajak eller çözsün! Sholaryn çözgudine boyun men boyun! Narmuhammet Kakabeyew.

Köneler, marvin tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir