Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 21 ýyllygyna görülýän medeni çärelere gatnaşdyrmak maksady bilen, paýtagtyň mekdeplerinden okuwçylar saýlanylyp alyndy. Saýlanylyp alnan okuwçylar gelşikli, şeýle hem çärelerde uzak wagtlap aýak üstünde durmaga çydamly bolmalydyr. Bilim ministrliginden berlen görkezmä laýyklykda her mekdepden ortaça 40-50 okuwçy medeni çärä saýlanylyp alyndy. 6-njy klasdan başlap tä 10-njy klasa çenli saýlanylyp alnan okuwçylar bir aýlap, tä ýurduň garaşsyzlygynyň 21 ýyllyk dabarasy tamamlanýança, stadionlarda repetisiýa geçerler. Olar mekdepdäki sapaklaryndan doly boşadyldylar. Medeni çärä gatnaşjak okuwçylar bir aýlap mekdepde bilim almazlar. Türkmenistanyň garaşsyzlyk güni ýurtda birinji çäre hasaplanylýar we onuň geçiriliş dabarasyna býujet edaralarynyň ählisi diýlen ýaly gatnaşdyrylýar. Bilim ulgamynyň wekilleri bolsa bu medeni çärä tomaşaçy hökmünde däl-de, ýerine ýetiriji hökmünde gatnaşdyrylýar. Mekdep okuwçylaryndan aýratynlykda, bu çäräniň agyr ýüküni ýokary okuw jaýlarynyň talyplary has çökderräk çekýärler. Olar üçin ýokary okuw jaýlarynda sapaklar ýatyrylmaýar. Talyplar sapaklaryndan soň, medeni çäräniň repetisiýalaryna gatnaşdyrylýar. Ýaş çagalarynyň bir aýlap medeni çärelere gatnaşdyrylmagyndan okuwçylaryň ene-atalary närazy bolsalar-da, olar bu babatda öz hukuklaryny goramakdan ejiz gelýärler. Sebäbi ol ene-atalaryň özleri hem çagalary ýaly şeýle medeni çärelere gatnaşdyrylýar.

Köneler, mtsmts tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir