30-njy awgustda Orsýetiň MTS mobil aragatnaşyk kompaniýasynyň “MTS-Türkmenistan” bölümi Türkmenistanda mobil aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürläp başlady. 2010-njy ýylyň dekabrynda MTS mobil operatorynyň lisenziýasynyň möhleti uzaldylmansoň, ol Türkmenistandaky işlerini bes etmäge mejbur bolupdy. Hyzmatlaryň ýola goýlup başlanyna eýýäm birki gün geçensoň, MTS özüniň Türkmenistandaky müşderileriniň sanynyň alty ýüz müňden (600,000) geçendigi barada habar ýaýratdy. Bu san MTS-e hakykatdan hem ygrarly (лояльный) abonentlerdir. Haçan hem bolsa, MTS-iň gaýdyp geljegine ynam bildirip, öz sim kartalaryny ýygnap goýan bu abonentler kompaniýadan sowgat hem aldylar. MTS diňe özüne ygrarly bolan abonentlere nomerindäki balansyndaky öňki pul serişdelerin-ä bir gaýtaryp berdi, munuň üstesine-de şol pula 20 % bonus goşdy. Balansy minusda bolmadyk müşderiler bir aýyň dowamynda MTS-iň öz setiniň içinde her sutkada 30 minut mugt gürleşip bilerler. Öňki sim kartalaryny ýitiren, ýa zyňan müşderileriň MTS-iň ofislerine baryp, öz nomerlerini dikeltjek bolýanlary az däl. Sebäbi MTS täze nomerleri diňe 30-njy sentýabrdan paýlap başlajakdygyny mälim etdi. Häzirki wagtda kompaniýa diňe ýiten sim kartalary dikeldip berýär. Ýitiren müşderilerini gaýtaryp almak üçin MTS-iň berýän bonuslaryna garamazdan, käbir müşderiler kompaniýadan närazy. Bu, esasan, internet babatda. $ 35 bahasy bolan 1,5 GB internet traffik satyn alan müşderileriň paketleri köýdi. Olara hiç hili kompensasiýa bolmady. MTS-iň menejerleri internet paketiň aýyň geçmegi bilen köýýändigini aýdyp, bu babatda özlerini aklaýarlar. Häzirki wagtda MTS-iň interneti 2G görnüşinde işleýär. Onuň 1Mgb-y $ 0,07. Bu «Altyn asyryň» internetinden üç esse gymmatdyr. 1 Mgb-y 0,07 manat bolan «Altyn asyryň» interneti 3G ulgamda işleýär. MTS-iň interneti «Altyn asyryň» internetine görä haýal hem ýaramaz işleýär. Mundan başga-da müşderileriň internet babatda MTS-den närazy ýerleri—kompaniýanyň Türkmenistandaky beýleki internet prowaýderler bolan «Telekom» we «Altyn asyr» ýaly, birnäçe saýtlary petiklemegidir. Müşderiler MTS-iň interneti arkaly Facebook, Youtube ýaly sosial saýtlara, şeýle hem oppozision saýtlara girip bilmeýärler. MTS-iň gaýdyp gelmegi bilen «Altyn asyr» hem öz müşderilerine birnäçe ýeňillikli tarifleri hödürleýär. Ilaty özüne barha çekýän bu tarifler MTS bilen «Altyn asyryň» arasyndaky konkurensiýany barha ösdürýär. http://www.chrono-tm.org/tm/archives/221

Köneler, mtsmts tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir