Oňat gylyk hem baýlygyň bir gör­ nüşidir. (Hezreti Aly) * * * * * * * Pozguç ulanman, surat çekmeklik sungatyna durmuş diýilýär. (Jon Kristian) * * * * * * Jedelde ýeňiş ýeňileniňkidir, ýeňil­ mek baýamakdyr. (Jemil Meriç) * * * * * Oňat dosty bar bolanyň aýna mä­ täçligi ýokdur. (Hezreti Möwlana Jelaletdin Ru­ my) * * * * * * Hakyky keşbiňi görkezmän, gowy görüleniňden, öz bolşuňda galyp, halanmanyň gowudyr. Andre Gaýd * * * * * * Ýagşylyga güýjüň ýetmese, ya­ manlyk bir etme. (Aristo) * * * * * Bereket, ulularyňyz bilen bile bolmakdyr. (Hadys) * * * Kynçylyk ýok, ejizlik bar dünýäde. (G.Ezizow) * * * Boş halta dik durup bilmez. (B.Franklin) * * * Gözýaşlar adamyň ruhuna ýagýan ýaz ýagyşlarydyr. (Alfred Ostin) * * * * * Kemçiligimiz näçe köp bolsa, şon­ ça-da kemçilik gözlenýär. (Jenab Şahabeddin) * * * * * Eşitdim, unutdym; gördüm, ýatla­ dym; ýerine ýetirdim, öwrendim. (Konfusiý) * * * * Galam akylyň dilidir. (Nakyl) * * * * Eger beýleki adamlaryň isleýän zatlaryna ýetmäge ýeterlik kömek etseň, sen hem durmuşda isleýän islendik zadyňa ýetip bilersiň. * * * * Ylmyň eýesi boljak bolsaň, okama­ gyň guly bolmalysyň! (Balzak) * * * * Her näçe köp bilseň-de, gürlänle­ riň garşyňdakynyň düşünişi möç­ berindedir (Möwlana Jelaleddin Rumy) * * * * Gül açmaýan agaç odun bolar. (N. F. Kysakürek) * * * * Dünýäniň iň garyp adamy puldan başga hiç bir zady bolmadyk adamdyr. (Şoupenhaur) * * * * Ýüregiňe şübhe salýan zady taşla-da, şübhe salmaýan zada seret... Hezreti Muhammet (s.a.w.). * * * * Eger-de sen gözlemeseň, başga­ lar taparlar. Robert Oppengeýmer, amerikan fizigi. * * * * Garaşmagy başarýan üçin ähli zat oňat netije berýär. Lew Tolstoý. * * * * Hiç kim üstünlik merdiwanyna ellerini jübüsine sokup dyrmaşmandyr. J. Ket Murhent. * * * * Özüňi ýeňmek üçin gatnaşýan ýaryşyňda bar güýjüň bilen ylga. (S. Umran)

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir