Wyždan bilen ýüzleşmek her müminiň her gün, her sagat, ýagşy-ýaman, ýalňyş-dogry, günä- sogap - eden işlerini gözden geçirip, haýyrly we gözel amallary üçin şükür etmegi; ýalňyşlyk­ laryny, günälerini-de birin-birin toba we istigfar bilen ýuwmaga, gidermäge çalyşmagy nukdaýna­ zaryndan örän möhümdir. Nebsini hasaba çekmek, wyždanynyň öňünde hasabat bermek arkaly ynsan özüniň içki dünýäsini, ruhy aýratynlyklaryny açýar, tanaýar, özündäki gizli hakyky ynsanyýet gymmatlyklaryny ýüze çykarýar, bu gymmatlyklaryň esasy özeni bolup durýan duýgularyny kämilleşdirýär. Wyždany bilen ýüzleşmek arkaly ynsan düýni, bu güni we ertiri bilen baglanyşykly haýry-şeri, gözeli-görksüzi, peýdalyny-zyýanlyny bir-birinden tapawutlandyryp, köňül dünýäsini abat saklap biler. Hawa, onuň häzirki ýagdaýyny gözden geçirip, derňäp geljege taýýarlanyp bilmegi; geçmişde goýberen ýalňyşlyklarynyň, kemçilikleriniň öwezini dolup, Allahyň öňünde aklanyp bilmegi; düýni, bu güni we ertiri babatda öz-özüni soraga çekip, özüni bilmegi, has möhümi-de Allaha has ýakynlaşyp bilmegi diňe we diňe nebsiňi pugta hasaba çekmek, ony wyždan bilen ýüzleşdirmek arkaly mümkindir. Musulman bir tarapdan düýn haramlar we günäler bilen harap eden geçmişini, alyslardan gelip wyždanynyň jümmüşinde ýaňlanan “Toba edip, Allaha ýöneliň!..” (Nur, 24/32) we “Rebbiňizden bagyşlanmagyňyzy diläň!..” (Zümer, 39/54) ýaly umyt beriji, merhemet gapysyna çagyryjy, rehmet buşlaýjy ylahy permanlar bilen abat etmäge çalşar. Beýleki tarapdan-da, “Eý iman edenler, Allahdan gorkuň. Oňa hormatsyzlyk etmäň! Her kim ertirki gün üçin näme taýýarlandygyna seretsin!..” (Haşr, 59/18) ýaly ylahy duýduryşlar bilen öz hal-hereketlerini her pursatda gözden geçirer, wyždanynyň emri bilen hereket eder, elinden geldigiçe ähli erbetliklerden daş durmaga çalşar... Ömrüniň her pursatyna aýry bir many gazandyrar... Wagtal-wagtal-da şeýtanyň duzagyna, nebsiň toruna düşüp, durmuş ýolunda büdrese-de, “Ýürekleri her pursatda Allaha hormat bilen urýan müttakiler şeýtandan bir taýf, was-wasa gelende derrew Allahy ýatlarlar we şol demde gözleri açylar” (Araf, 7/201) ylahy beýanyna görä her daýym hüşgärdir. Wyždanyna hasabat bermek duýgusy müminiň içki dünýäsine nur saçýan ýagtyltgyç kibidir. Her bir şahs onuň bilen haýry-şeri, oňady-erbedi, Allahyň söýýänini- söýmeýänini bir-birinden tapawutlandyrar we ýolundaky ähli päsgelçilikleri aşyp, ahyrky maksadyna ýeter. Yzygiderli nebsiň hasaba çekilmegi iman kämilliginiň alamatydyr. Kämil imana eýe ynsan her işinde nebsini jylawlar; kalbyna giren her bir düşünjäni, aňyndan geçen her bir pikiri oňat derňär, olary bolşy ýaly, gelşi ýaly kabul etmez; köplenç iň bir haýyrly işde-de şol işi etmekdäki hakyky maksadyny gözden geçirer - hakykatdan hem ol işi Allahyň razylygyny gazanmak üçin etdimi ýa-da iliň hormatyny, söýgüsini gazanmak, özüniň abraýyny, wezipesini beýgeltmek ýaly şahsy bähbitleri ony şol işi etmäge iterdimi?!.. Kämil mümin her agşam nogsanlyklaryny, ýalňyşlyklaryny birin-birin gözden geçirer, her säher ähli günälerden, haramlardan daş durmak niýeti bilen, täzeçe bir durmuşa gadam basar.

Köneler, Makestm tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir