Gözleňde müýnüň ýok, Sen öýe bezeg. Nämüçin aglaýaň, Şadyýan gözel?! Ýatlaýaň güneşiň, Tylla zerlerin. Gulpagyň tasadyp, Gezen ýerleriň. Gyzlyk dünýäsinden, Gitmezden ozal, Nämüçin aglaýaň, Şadyýan gözel. Gyýylma gidýän diýp, Dogduk öýüňden. Bagtyňy taparsyň, Jandan söýülseň. Ýa ýaman görýärmiň, Başyň boglanyn? Ýa birinden kemmi, Söýýän oglanyň? Wah... aglap doýmadyň, Gutarar ýerde, Göýä egisýän deý Ulaşan derdiň. ...Ýok, ýok, agla bu gün, Aýyp görülmez. Gyzlyk dünýäň saňa, Gaýdyp berilmez. ____________________________________ Bu ajaýyp aýdymy aramyzda diňlemedikler az bolsa gerek! Agzalar, meniň size bir soragym bar: Şu goşgyny ýazan şahyryň ady-familiýasy hemde onuň ömür döredijiligi hakynda kim bilýärka.. Hany onda pikirleneliň, awtoryň haýsy şahyrdygyny biljek bolalyň hormatly agzalar!

Köneler, Yegen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir