Goja şäheriň köçesinden ýuwaş ýöräp barýardy. Ýaşlyk ýyllarynda ol bu ýollardan arman-säginmän, tiz-tiz ýöräp geçip giderdi. Emma indi welin ol bu ýollardan dähedem-dessemläp geçmeli bolýardy. Ol indi garrandygyna magat göz ýetiripdi. Goja az salym ýöräp, birdenkä sägindi. Ol sesýetim aralykda bir gyzjagazyň tigirli arabajygy itjek bolup duranyny gördi. Gojaň pikiriçe, oturgyç boş bolmalydy. Ýöne ol gyzjagazyň ýanyna has golaýlaberende, ýalňyşandygyny bilip galdy. Arabada gymyldaman oturan ysmaz adam bardy. Goja gyzjagaz bilen gürrüňdeş boldy. Arabada oturan gyzjagazyň kakasy eken. Ejesi ýaramansoň, bu gün kakasyny daşarda onuň özi aýlamaly bolupdyr. Goja gyzjagazyň bar güýji bilen arabajygy zordan itýändigini görüp: - Balajygym! Seniň güýjüň muňa ýetmez ahyryn!- diýip, oňa nebsi agyrdy. Gyzjagaz: - Ata jan! Bilýärin welin, nädeýin- dä kakam üçin elimden geleni etjek bolýaryn- diýip jogap berdi. Gyzjagazyň bu sözleri gojanyň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Gyzjagaz uludan demini alyp: - Men kakam üçin elimden gelenini etjek bolýaryn. Iň bolmanda arabajygy itip bilmesemem, onuň yza süýşmegine ýol bermerin- diýdi. *** Söz Güýçli ýertitreme şäheri sanlyja salymyň içinde ýer bilen ýegsan edipdi. Sähelçe salymyň içinde müňlerçe adamyň arzuwlary wysala ýetmän, kesegiň astynda galypdy. Şol wagt bir kaka hem oglunyň mekdebine tarap ylgap barýardy. Mekdep haraba bolup ýatyrdy. Ene-atalar gygyryşyp, ýykylan diwarlaryň arasyndan çagalaryny gözleýärdiler. Başga biri bolan bolsa, ejizläp, şol bada dyzyny ýere bererdi. Emma ol oglunyň synpynyň ýerleşýän ýerine bardy-da kesegi gazyp ugrady. Bu harabanyň astynda diri adam galandyr öýder ýaly däldi. Ol häzir hiç zada üns berenokdy. Diňe ogluna: “ Şu agşam hökman gelip, mekdepden alyp giderin!” diýip, söz berenini bilýärdi. Sözünde-de hökman durmalydy. Gazyşlyk dowam edýärka, umydyny ýitirenler: - Gija galdyk. Hemmesi bir eýýäm jan berendir- diýişýärdiler. Haraba girmegi bes edenler-de bardy. Töwerek çolarypdy. Ýangyn söndürijileriň başlygy ony gyra çekip: - Bu ýer howply. Bar, öýüňe gaýt- diýdi. Ýöne ol öýüne gaýtmady. Çünki ol ogluna söz beripdi. “Hökman gelerin!” diýip söz be­ ripdi. Ol ýykylan diwarlaryň astyny gazmagyna yhlas bilen dowam etdi. Birdenkä bir daşy galdyranynda oglunyň sesini eşitdi. -Oglum! - Kaka! Kaka, jan. Men seniň geljegiňi bilýärdim. Çünki sen maňa “Hökman gelip alyp giderin.”- diýip söz beripdiň. -Geldim, oglum, geldim!

Köneler, Makestm tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir