sen ýanymda wagtyňam seni gözledim, ýöne näme üçindir tapamok seni. sen bar wagtyňam gözedim seni. belki meni söýersiň diýip saňa düşünmäge çalyşdym... garaňkyda-da seni gözledim, gorkman gözledim her ýoldan seni gözledim, ýadaman gözledim indi ýadaýdym öýtýän, ýoldan geçen hemme kişiden seni soraýan... sensizlik maňa nähili kyn düşýär, bilyaň-ä. bilýäň ýöne nirede sen... meň yarama diňe sen derman, sen meniň her gün agladan ýüregimsiň.setirlerime seni doldurdym, her gije ýyldyzlardan seni soradym, hiç zatdan däl, sensizlikden ýadadym, indi ýüregime seniň adyňy goýdum... maňa gadagan bolan söýgi... seni düşündirmek islärdim ýöne bolanok, galam kagyzlar yetenok seni düşündirmäge. saňa bolan söýgüm şeýle uludy, ona hiçkim dusunmedi. ýollaryň hemmesi bizi aýyrýarýan ýaly, haýsy ýoly seçeňde näme bolar!?... ýyllar, seni soýýärkäm aýyrýar... seni şeyle köp söýdüm, senden aýra düşmezlik üçin... goýup gitme meni. öňümdäki ýollary görmedim, duran ýerimde durdym; asla öňe gitmedim. seňi şeýle söýdüm... indi yzyňa dolanma... islämok... belki bir gün gelersiň diýip garaşdym saňa, belki bir gün söýersiň diýip garaşdym saňa bir ýylgyryş biraz söýgi isledim, söýmediň... ýöne men däli ýaly söýdüm. soygi...soygi...meniň ýüregime gireliň bäri hiç bagtly bolmadyň. gelişiň nähilidi bilemok ýöne gidişiň asla, asla ýadymdan çykmaz... ýadyma düşende aglaýan, gaharym gelenok ýöne gynandyrdyň meni... indi gelme, islämok. öldürdiň şu ýüregimi, ýyllar geçsede unudarynmy seni!? göresim geldi diýsemem dolanma yzyňa...

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir