Harun Reşit Remezan günleriniň birinde Behlul dana şeýle diýdi: -Eý, Behlul dana, şu gün metjide gidip namaza gelenleri agşam agzaçara çagyr. Agşam düşdi. Namaz okaldy. Namazdan soňra Behlul dana 5-10 adam bilen Harun Reşidiň huzuryna geldi. Harun Reşit Behlul danaň getiren adamlarynyň gaty azdygyny görüp haýran galyjylyk bilen: -Behlul dana, men saňa namaza gelenleriň hemmesini agzaçara çagyr diýipdim, sen welin 5-10 adam bilen saraýma geldiň. Behlul dana bolsa şeýle jogap beripdir: -Eý halyfa, Siz maňa metjide gelenleri däl, namaza gelenleri agzaçara çagyr diýipdiňiz. Namazdan soňra men metjidiň gapysynda durdym we her çykandan ymamyň haýsy suralary okanyny soradym. Soragymy hem diňe meniň getiren adamlarym bildi. Metjide gelenler köpdi. Emma namaza gelenler diňe şular eken.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir