Bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz al-elwan güller bilen bezeldi. Te­bigatda ähli janly-jandaryň örän uly orny bar. Ähli zat adama berlen ullakan nyg­matdyr. Ynha, şol beýik nygmatlaryň biri hem güldür. Gül diňe bir tebigatymyzy bezemek bilen çäklenmän, ruhy dünýämize hem uly peýda getirýändir. Kähalatlarda “Gülleriň saglygymyza täsiri barmy?” diýen so­rag hem ýüze çykýar. Biz oňa arkaýyn “hawa” diýip, jogap berip bileris. Geçirilen barlaglara görä, gülleriň saglygymyza örän uly täsiri bardyr. Doktor Hawiland Jo­nes tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde, gülleriň biziň pikir edişimizden has köp maýyl ediji duýgularymyzy oýarýandygy anyklanyldy. Güller adamyň dur­muşdan lezzet alýan duýgularyny köpeldýär we adam gülüň bar ýerinde özüni has gowy duýýar. Umuman aýdanymyzda, gülleriň adamyň häsiýetlerini tebigy taýdan kämilleşdirýändigi subut edildi. Barlaglaryň netijeleri şulardan ybarat: Güller söýgimizi, şatlygymyzy paýlaşmagyň serişdesidir. Ol mukaddes söýginiň hem nyşanydyr. Barlaglarda adamlaryň öýleriniň haýsy burçunda gül goýýandyk­laryna üns berildi. Güller adamlar tarapyndan aýratyn gaplarda ýa-da aýratyn ýerlerde saklanyp, olar, esasan hem, adamlaryň köp bolýan otaglarynda goýul­ýar. Munuň sebäbi bolsa, gülleriň adamlarda öz bolýan ýeriniň atmosferasynyň gözelliklerini duýmaklaryny artdyrýanlygydyr. Güller adamy gören badyna özüne bendi edýär. Barlaga gatnaşan adamlara gül berlen mahalynda, olar gülleri şatlyk we ýylgyryşlar bilen garşyladylar. Olaryň hemmesi hoşaldyklaryny bildirip, gül gowşuranlara sagbolsun aýtdylar. Bu ahwa­lat hemme kişide görünýär diýsegem, ýalňyşdygymyz bolmaz. Gülleriň adamlaryň duýgularynda uzak wagtlap oňyn häsiýetleri saklaýan täsirleri hem bardyr. Geçirilen barlaglarda adamlar başga birinden gül alan wagtlarynda gaharjaň we gamgyn hallarynyň aýrylýandygy, onuň ýerine bolsa, olaryň şady­ýanlygynyň we durmuşdan alýan lezzetleriniň artýandygy görüldi. Bu ýagdaýyň uzak wagtlap dowam edýändigi hem haýran galdyrýar. Güller has sada we içgin baglanyşyklaryň ýola goýulmagyna öz täsirini ýetirýän­dir. Barlaglar gülüň bar ýerinde maşgalalaryň we dostlaryň arasyndaky gatnaşyk­laryňam has hem berkeýändigini görkezdi. *Shugun liliany ona berdim, begenishini goraysen.

Köneler, virmenaard tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir