Sen gitdiň. Şo pursat boşady ruhum, Hemme zat manysyn ýitirdi birden. Şatlygym galmady, bagtym galmady, Şo pursat bar zady uçurdy serden. Daglarym peseldi baglarym bile, Şemalym sowulyp duşumdan ötdi. Boşap galdym misli gaşsyz diwala, Okan kitaplarmyň manysy ýitdi. Hatda öz ruhuňam aldyň-da gitdiň; Göz, gaşyň, egniňi gözden salamok, Ýöne olaň baryn öňki bolşy deý, Seniň syratyňda jemläp bilemok. Çasly çeşmelerim akýar tersine, Tersine ýaňlanýar aýdymym-sazym. Seniň barlygyňdy — meniň baýlygym, Bir pursatda garyp galdym, ezizim. *** Sen geldiň-de, Garyp köňlüm baý etdiň. Ýöne, Nämüçindir, Ynjalygym ýok. Sen maňa bagt berdiň örän ullakan, Ony nädip gorajagmy bilemok. Ýöne Säher-säher bagtymy öpüp, Görýän öz-özümi seniň gözüňde. Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim, Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.

Köneler, imperator tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir