Isgender bir topar nökeri bilen Filosof Sokraty ýörite gözläp, Huzuryna gol gowşuryp barypdyr, Oňa ýüzlenipdir çynlakaý sözläp: “Senin tarypyňy kän eşitdim men, Beýikligňe buýsandym men gaýbana. Bu ýere sowuldym ýolumdan galyp, Rugsat ber hyzmaty borjum saýmaga. Dile menden göwnüň näme islese, Möhümiňi bitireýin dessine...” Sokrat oýa batyp, dymypdyr uzak, Bu teklipden aýylýan deý essine. Çydamsyz görnüpdir açgöz nökerler: “Çüwdi bagtyň, dile dünýe malyny!” Jogap gaýtarypdyr akyldar goja, Bassyr-ýussur etmän päk hyýalyny: “Ýeke dilegim bar senden, hökümdar, Haýyşym bar, miltim ýokdur talaba. Günüň şöhlesine kölege salýaň, Gaýrat et-de, süýşsene bir tarapa!” Dabarasy daglar aşan hökümdar Garyp akyldara edipdir tagzym. Soňra iki elin serip asmana, Diýipdir: “Bir gezek ýalňyşdyň, Taňrym! Sokratyňky kibi akyl deregne Nämüçin elime ýarag tutdurdyň? Dünýäň gylla ýaryn tabyn etsemem, Pukara bir filosofdan utdurdyň. Eger-de Isgender bolmadyk bolsam, Men Sokrat bolmagy arzuw ederdim. Nädeýin, emriňe bolmaly kaýyl, Ykbalymdan nalyş etmek – ne derdim?..” Biziň eramyzdan öň bolup geçen O duşuşyk rowaýatmy ýa çynmy. ...Kä depäňde ganat şuwlasa, adam, Gowja seret – baýguşmy ýa laçynmy.

Köneler, Bahbit tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir