Matematik gyzy hiç haçan söýmäñ, Kök astyna salyp har eder seni Seni söýýän diýip örtenmäñ,köýmäñ Ýalynsyz ot bilen zar eder seni. Seniñ päk söýgüñi köpelder,böler Söýgüden,söýgiñi aýyryp nul eder Öz söýgüsin sorasañ kwadrata götär Sagdan çepi aýryp kör eder seni. Gidere ýer ýok skopka salsa Senden derek galmaz bir önüm alsa Birdenem depäñden aýyrmak gelse Derejä göterip kül eder seni. Integrala ýetmän sözi goýaly Alaç ýok señkini dogry diýeli Ol diýse dessine jany bereli Ine sondan soñra ýar eder seni. Beýle diýsem gyzlar öýkelemäñ siz Gyzlaryñ seresi matematik gyzlar Pullary tygsytly sowýandyr olar Gyzlaryñ seresi matematik gyzlar!!!

Köneler, makintoshsh tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir