XIII asyr türkmen-türk nusgawy edebiýatynyň wekili. Horasanyň Balh şäherinde 1207-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-ynda Soltanü’l – Ulema (Ulamalaryň soltany) diyen at alan Muhammet Bahaeddin Welediň maşgalasynda dünýä inýär. Jelaleddiniň kakasy ylymly, abraý-paýhasly adam bolupdyr. Onuň Seljuk hökümdarlaryna, Köneürgenç türkmenleriniň soltanlaryna maslahat berendigine şaýatlyk edýän maglumatlar bize gelip ýetipdir. Ýaşajyk Jelaleddin atasynyň ýolundan, atasynyň aýak yzlaryny yzarlap ulalýar. Döwrüň uly adamlarynyň biri bolan Abu- Bekir Sarahsynyň ýakyn garyndaşy Jelaleddiniň ejesidir diýen maglumatam bar. Olaryň maşgalasy, dürli sebäplere görä, Rumustana tarap göç edýär. Olaryň Balhdan gaýdyp, Bagdatda, Erzinjanda bolanyny, Mekgä zyýarat edenlerini, Malatyýada dört ýyl, Garamanda ýedi ýyl oturandyklaryny çeşmeler habar berýär. Soňra soltan Alaeddin Keýkubat I-niň çakylygy bilen Konýa, ýagny paýtagta çagyrylypdyr. «Soltan öz tagtyny akyldarlaryň soltany Bahaeddin Welede hödürledi» diýen ýazgy hem bar. Bu döwürde Konýa dürli dinleriň, pelsepeleriň, dilleriň gatnaşykly şäheri ekeni. Gadymy ýunan pelsepeleriniň, hristianlygyň taryhy göniden- göni ýunan dili arkaly öwrenmek Jelaleddin üçin täze mekdep bolýar. Şonluk bilen onuň bilýän dilleriniň sany dörtden aşýar: türki, parsy, arap, ýunan… ol şol dillerde goşgular ýazýar. Atasy aradan çykandan soň, halaýyk Jelaleddiniň öne çykmagyny, atasynyň ornuny tutmagyny isleýär. Jelaleddin bu teklibi kyn göre-göre kabul edýär. Atasyna hem sapaklar berip, halypalyk eden Burhaneddin Muhakkyky Termezi Jelaleddin Rumynyň hem mugallymy, şeýhi bolýar. Möwlana Jelaleddin Rumydan «Mesnewi», «Mejalis-i seba», «Mektubat», «Diwan-i Kebir», «Fihi mafih» ýaly eserler ýadygärlik galypdyr. Bu eserleriň aglabasy parsça ýazylypdyr. Şahyr öz eserlerinde inçe duýgyny, pikir syzmany, düşünjeden ileri tutýar. Ol ynsanda esasan iki sypata köp ähmiýet berýär: umytlylyk hem kiçigöwünlilik. Umytly adamyň hatda söwütdenem hurma miwesini iýip biljegine ynamy bar. Bu pikiriň aňyrsynda umytlylyk duýgysyny terbiýelemek ýoly ýatyr. Jelaleddin Rumynyň näme zatlary ündändigine onuň mesnewilerinden alnan käbir mysallar hem şaýatlyk edýär: «Men-menlikden gutulanlara gögem sejde eder, aýam, güneşem». «Adalat — her bir zady laýyk ornuna goýmakdyr. Aýakgap —aýagyňky, telpek başyňkydyr». «Bilimli adam älemlere rehmetdir, bütin älem- jesetdir, bilim-jandyr. Söýgi hem bilimiň netijesidir». Söhbet bardyr, gylyja meňzär: bossany, ekini gyş kibi keser- çapar. Söhbet bardyr, güýze meňzär: her ýanda sangysyz miweler bitirer». «Men dünýäden ötemsoň, mazarymy toprakdan gözlemäň, öz köňlüňizden tapyň». Rumy alty jiltden ybarat bolan “Mesnewi” eserini şägirdi Hüsametdiniň haýyşy bilen döredýär. Akyldaryň bu eseri Gündogarda diýseň meşhur bolupdyr. Möwlana Jelaleddin Rumy 1273- nji ýylyň dekabr aýynyň 17-sinde Konýa şäherinde aradan çykypdyr.

Köneler, Koneurgenchli tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir