Gadymy grek akyldary we alymy Aristotel Stagirde doglupdyr. Afinyda Platonyň akademiýasynda 20 ýyl okandan soň, şol ýerde öz mekdebini – Likeýi esaslandyrypdyr. Onuň garaýyşlary “Metafizika”, “Fizika”, “Organon”, “Syýasat”, “Etika” diýen eserlerinde beýan edilipdir. Aristoteliň filosofik garaýyşlary Platonyň idealizmine garşy alnyp barlan göreşde kemala gelipdir. Ol Platonyň «ideýalar» hakyndaky taglymatyny düýpli tankytlaýar. Aristotel düýp mazmunyň hut zatlaryň özeni bolup durýandygyny, şoňa görä hem filosofiýanyň tebigy hadysalary öwrenmäge ýüzlenmelidigini hem-de Platonyň «ideýalar mistikasyny» taşlamalydygyny belleýär. Aristoteliň Platony tankytlaýşy yzygiderli materialistik häsiýetde bolmandyr. Onuň dünýägaraýşy materializm bilen idealizmiň arasynda yraň atyp duran garaýyşdyr. Aristoteliň pikirine görä, dünýä hil taýdan dürli elementlerden: topragyň, ýeliň, suwuň we oduň utgaşmasyndan ybaratdyr. Ol materiýanyň, zatlaryň obýektiw ýaşaýandygyny ykrar etmek bilen materiýany passiw, hereketsiz hasap edýär. Aristoteliň pikiriçe, aktiwlik forma degişlidir. Ol Platonyň «ideýasyna» meñzeş «Ähli formalaryň formasynyň», «Ilkinji hereketlendirijiniň», ýagny, Hudaýyň-da ýaşaýandygyny tassyklaýar. Aristoteliň akyl ýetiriş taglymatynda materialistik sensualizm özüniň açyk beýanyny tapýar. Onuň pikiriçe, akyl ýetirilýän zatlar olar baradaky bilimlerden ozal ýaşaýar. Aristoteliň nukdaýnazaryna görä, biziň ten duýgularymyz dine ýekeleýin zatlary bilmäge kömek edýän bolsa, onda ylmyň wezipesi – hususy zatlardaky umumy zatlara akyl ýetirmekden ybaratdyr. Aristotel formal logikanyň hem esasyny goýan alymdyr. Ol etikanyň, estetikanyň we sosiologiýanyň problemalarynyň hem üstünde işleýär. Aristotel gul eýeleriniň ideology bolanlygy üçin, ol gul eýeçilik gurluşynyň bakydygyny esaslandyrmaga synanyşypdyr we jemgyýetde bir adamyň gul, başga biriniň bolsa hojaýyn bolmagyny «tebigy» zat diýip yglan edipdir.

"Dünýä edebiýaty" £urnalyndan

Köneler, Friendship tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir