Gezip ýörkäm öýmüzde bilmändirin gadyryň. Indi seniň gadyryň bilsem gerek ölýänçäm. Tabak bilen saçagyň, çäýnek bilen kitiriň, Arasynda selpildäp, janym çykdy, Sonam jan. Çagajyklaň ugrunda janserek men, janserek. Bir elimde aşly jam, bir elimde boşan jam… “Aýalymy öldüren ownuk iş bolsa gerek!” Diýip bir wagt bir çopan hak aýdypdyr, Sonam jan. Birisine nan gerek, birisine suw gerek, Bir ýanymdan Aýjan çekýär, bir ýanymdan Maýsam jan. Wah, iýseler ne ýagşy! Geçimiz dek çümhörek! Sen olary niçiksi iýdirýärdiň, Sonam jan? “Giç gelýärsiň!” diýeňde, gaharlanan bolardym. Bagyşlawer, öňüňde ojuk-bujuk günäm kän. Ynha indi sag-aman gelseň bolýar şol ýerden, Gazyk borun gaşyňda, wah, Sonam jan, Sonam jan! Nahar berseň “sowuk” diýip, çaý äberseň “sowuk” diýip, Azar ýamanyn berip, igenerdim ýadýançam. Indi ynha çaý ýerne beräý gel-de suw guýup, Nan ýerne-de kesek ber, demim çykmaz, Sonam jan. Saňa her gün daň bilen salam bermeli eken. Onda-da ýöne salam däl, barypýatan “Salam jan..” Ynha indi şol salamlaň başlandygy şu günden-Salam! Salam!.. Dowamyny soň görersiň Sonam jan! Kerim Gurbannepesow. Goçürme: türkmen-edebiýaty.com

Köneler, Yegen tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir