“şaýat men” diýmeklik yeňil düşermi? tassyklap bolaýsa şaýatlyk hakyň. şaýatlygyny tassykladyp bilene, döşüne at alan bir medal dakyň. syrtarmak bu döwür şaýat hakydyr, el çarpmak bu döwür şaýat hakydyr, kelläň yrap ýörseň adyň bakydyr. kelläň duran güni “düýbünden ýykyň”. gözüňi oýnatsaň, gypsaň kaýarym, zyňylan süňkleri gapsan kaýarym, haky iýmeleri ýapsaň kaýarym, şaýat diýip käwagt bererler hakyň. diňe ýeke zatda bardyr şaýatlyk, olam edileni bile gömmeklik, haramy göreňde sessiz dymmaklyk, dymmasaň o dünýe saňa has ýakyn. hakymy gözlejek ýöne ýok hakym, hakyň gözlän wagtyň görmersiň ýakym, “goýunlaň sürüsi” edipdir akym, “sen hem şol akymda akyber hakyl”.

Köneler, Lider tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir