...Üzümiň suwy ýaly owadan gyz mylakatly ýylgyryp, sowal berýärdi, kiçijik depderçesine birzatlar belleýärdi. Özüni alyp baryşyndan, gep-sözünden çen tutsaň, ol tejiribeli, sowadyny çykan žurnalistdi. Näme üçindir, reporter howluganokdy, mümkingadar sepini bildirmezlige çalyşýardy. Gürrüň gitdigiçe gyzyşýardy. Ilki başda howa ýagdaýlary, Deliden özümizde galan täsirler, Gündogar halklaryň folkloryndaky özara golaýlyk, ýumarlar barada söhbet etdik. Soňra ýumarlary toparlara böldük. Mysal üçin, iňlis ýumarynyň inçeligini, nemes ýumarynyň gödekligini, rus hem-de türkmen ýumarlarynyň özbolyşlylygyny belledik. Ýöne gürrüňdeşimiziň ýumar aýdyşmaga gelmändigini bilýärdik. Bu zatlar hälki bir gürrüň başydy. Žurnalist gyz harby temadan ýazýan sowet ýazyjylarynyň adyny tutmagymyzy haýyşt etdi. Ýadymyza düşenlerini sanadyk. Birgiden sanow boldy. Gürrüňimiz şu ýerine ýetende žurnalist gyz öz tarapyna eňip ugrady. -Uruş hakynda beýle ürüç edip ýazmagyňyzyň sebäbi näme? Ondan has gyzykly temalar bardyr ahyryn?

Köneler, 1merdan tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir