Salam gadyrly talyp.comyň agzalary we myhmanlary. Şu ýazgyda siz bilen türkmeniň iň bir esasy toýlarynyň biri bolan gelin toýy we gelinalyjy bilen baglanyşykly käbir ýagdaýlar hakynda pikir alyşmagy özüme makul bildim. Elbetde gelin toýy türkmeniň öňden gelýän dessurlarynyň biri. Ýöne häzirki döwürde bu toý bilen baglanyşykly dörän käbir üýtgeşmeler hakynda siz hem öz pikirleriňizi ýazsaňyz gowy bolardy. Soňky döwürlerde ýurdumyzyň köp künjeginde agşamky gelin toýlary toý mekanlarynda, salonlarynda we ş.m. ýerlerde geçirilip başlady. Ine şu taýda hem bir geň ýagdaýyň biri ýüze çykyp başlaýar. - täze gelin häzirki döwrüň modasyna laýyklykda fata toý lybasy bilen toýa çykýar. Toý güýçli sesli aýdym sazyň oýnamagynda dowam edýär. Toýa ýakyndan-daşdan tanyşlar, dost-ýarlar, klasdaşlar, kursdaşlar, gullukdaşlar, dogan-garyndaşlar, goňşy-golamlar, gepiň tümmek ýeri köp adam üýşýär. Elbetde bu toýa täze geliniň gaýyn atasydyr, gaýyn enesi hem gatnaşýar. Gelin bolsa hiç zatdan utanman özüniň fatasynda sülmüräp otyr. Siňe seretseň gelniň käbir ýerlerini görmek hem boljak. Gyzykly ýeri ertesi gelni kürte geýdirip salama aýlaýarlar. Ine bu ýerde bolsa gelin utanan bolup agyr kürtäniň aşagynda baslygyp otyr. Düýn agşama zatdan utanman otyrdy. Şu bolup geçýän ýagdaýa hiç düşünip bilemok. - gelin getirmek hem häzirki döwüre laýyklykda täze gowydan- gowy ýeňil maşaynlar bilen amala aşyrylýar. Bu örän gowy zat. Ýöne gelinalyjyda bolup geçýän ýagdaýlaryň käbirlerini hem aýdyp geçeliň. Gelinalyja köp maşynlar gidýär. Elbetde olaryň arasynda içgili rula münýänleri hem tapylýar. Ýolda gaty sürüp awariýa edip toýy ýasa öwürýän ýerleri hem bolýar. Bu bolsa örän gynandyryjy ýagdaý; - täze gelin bilen şäheriň gowy ýerlerine aýlanýarlar. Şol sanda gelnalyjy bilen “baky ot”, ýa-da uruşda wepat bolanlaryň ýadygärligine gül goýmak nusagyny tapdylar. Bu ýagdaýa birnäçe etrapda toýda bolanymda gabat geldim. Meniň bilşime görä şu dessur ors halkynda barmyka diýýän. Orslarda bolsa mazarsystanlykda ýaňky ýaly “baky otlar” bar. Türkmenlerde öňler täze gelin bilen öwüýlälere hiç haçan hem barylan dälmikä diýýän. Hormatly agzalar siz hem öz pikirleriňizi ýazsaňyz gowy bolardy. Eger-de meniň ýalňyşýan ýerim bar bolsa ony hem ýazsaňyz size minnetdar bolardym.

Köneler, Matrisa tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir